Türkmenistan: ýokary bilimiň öňündäki böwetler

Jeren: "Men şondan soň niräk ýüz tutjagymy bilmedim. Men şeýdip, şol ýyl okuwa gidip bilmedim".

Öz güýji bilen daşary ýurtlara ýokary bilim almaga çykýan türkmen ýaşlarynyň arasynda päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýanlary-da az däl.

Azatlyk Radiosy şular ýaly päsgelçilikler sebäpli Günbatardaky bir ýokary okuw jaýyna okuwa girip bilmedik Jeren atly bir türkmenistanly gyz bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlardaky okuw jaýlaryna okuwa girmek meselesinde ýaşlaryň öňünde nähili kynçylyklar bolup bilýär?

Jeren: Men daşary ýurtdaky bir okuw jaýyna girjek bolamda, okuw jaýym menden “sud bolmadyk” diýen kepilnamany sorady. Şol esasda men öz ýaşaýan ilatly punktymda polisiýa bölümine ýüz tutdum. Polisiýa bölümem maňa “welaýatyň informasiýa merkezine bar” diýdi.

Welaýatyň informasiýa merkezine baramda, ol merkezde işleýän işgär “bu kepilnamany berip bilemizok, bu barada Türkmenistanyň prezidentiniň karary bar” diýip, jogap berdi.

Azatlyk Radiosy: Raýatlara şeýle kepilnamany bermeli däl diýen buýruk barmy?

Jeren: Olar “Prezidentiň karary bar” diýdi. Men olara “Prezidentiň kararyny görkeziň” diemde, olar “Biz ony görkezip bilemizok. Sen, gyz, özüňi gaty akylly hasap edýäň” diýip, maňa azgyrylyp goýberdiler.

Azatlyk Radiosy: Şeýle perman bar hem bolsa, ony ilata görkezenoklarmy?

Jeren: Ýok, görkezenoklar. Soň maňa şol informasiýa merkezinde Adalat ministrligine gitmelidigimi aýtdylar. Olar “Adalat ministrligi size jogap berip biler ýa-da seniň okuw jaýyň bize hat üsti bilen haýyş göndersin” diýdiler.

Onsoň men okuw jaýyma jaň etdim. Okuw jaýymyň wekili “Bu biziň işimiz däl. Siziň ýurduňyzdan ol kepilnamany haýyş etmäge biziň hakymyz ýok, ikinjiden, bu mesele biziň işimize girenok. Kepilnamany her ýurduň öz raýatynyň özi getirmeli” diýip, jogap berdi.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, şol kepilnamany Türkmenistanyň ýerli organlary her bir raýatyň öz haýyşy boýunça bermeli-dä, şeýlemi?

Jeren: Şeýle bolaýmasa. Welaýatyň informasiýa merkeziniň wekili maňa “Bizde prezidentiň karary bar. Şol kepilnamany raýatyň eline bermek gadagan” diýip, jogap berdi.

Munuň sebäbini sorasam, ol “Ony biz bilemizok” diýdi. Men “Onda şol karar bar bolsa, maňa şony kagyz üsti bilen görkeziň” diýsem, ol “Sen gaty akylly hasaplaýaň özüňi” diýip, azgyryldy. Men şondan soň niräk ýüz tutjagymy bilmedim. Men şeýdip, şol ýyl okuwa gidip bilmedim.

Azatlyk Radiosy: Siz Adalat ministrligine ýüz tutmadyňyzmy bu mesele boýunça?

Jeren: Ýüz tutdum. Men Adalat ministrligine jaň etdim. Adalat ministrligem özlerine ýüz tutmagyň zerurlygynyň ýokdugyny we beýle kepilnamany öz ýaşaýan ýerimden alyp bilýändigimi aýtdy. Onsoň men niräk ýüz tutjagymy bilmedim – maňa baran ýerim şular ýaly başdansowma jogap berdi. Bu baradaky karary-da maňa hiç kim görkezip bilmedi.

Ýöne men bu işiň näme sebäbe beýle edilýändigini bilemok. Belki-de, biziň ýaşlarymyz daşary ýurtlarda okamasynlar diýen maksat bilen edilýändir, men bilemok. Men bu meselä hiç hili çäre tapyp bilmedim.

Azatlyk Radiosy: Siz Adalat ministrliginiň jogabyny ýerli häkimiýetlere ýetirip, olardan jogap soramadyňyzmy?

Jeren: Men soradym. Men ol edara üç gezek dagy gitdim. Emma ýerli polisiýa işgärleri maňa şol bir jogaby berýärler: “Welaýata gidiň, biz beýle kagyzy raýatyň eline berip bilemizok” diýýärler. Onsoň men kime ýüzlenjegimem bilemok.

Azatlyk Radiosy: Siz onsoň şol zerur bolan kepilnamany ahyrsoňy haýsydyr bir ýerden alyp bildiňizmi?

Jeren: Ýok, men ony hiç ýerden alyp bilmedim.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, zerur bolan halatynda, raýata sud edilmedikdigi baradaky kepilnamany ýurduň içinden almak mümkin däl bolup çykýar-da, şeýlemi?

Jeren: Bu hiç hili mümkin däl. Men welaýatyň informasiýa merkezine baramda, men onuň işgärinden “Siz maňa azgyrylmaň, siz maňa maslahat beräýiň, men niräk ýüz tutmaly?” diýip, haýyş edemde, ol maňa “Seniň okuw jaýyňdan şol kepilnamanyň gerekdigi barada haýyş gerek” diýdi.

Onsoň men alty aýyň dowamynda öz okuw jaýymdan haýyş edemsoň, okuw jaýymam şeýle haýyşy ugradandan soň hem, şol haýyşnama hiç hili jogap berilmedi. Şol okuw jaýym maňa haýyşnamany faks arkaly ugratdy. Ýöne hiç kim şol haýyşnama-da jogap bermedi. Eýýäm bir ýyl geçdi şondan bäri. Okuw jaýymam şeýle kepilnama bolmasa, daşary ýurt raýatlaryny okuwa kabul edip bilmeýändigini aýtdy. Şol sebäpdenem, men okuwa girip bilmedim.