Sport baýraklary ýerzeminlerden çykýar

Türkmenistanyň kik-boksing milli merkeziniň sportsmenleriniň hem halkara ýaryşlarynda gazanan baýraklary, 5-nji noýabr, 2012.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme sport desgalarynyň gurlandygyna, olarda türgenleşmek üçin amatly şertleriň bardygyna garamazdan, Aşgabadyň sport mekdepleriniň käbirleri heniz hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde ýerleşýär. Olarda sport bilen türgenleşmek üçin şertler pes ýa-da asla ýok diýen ýaly.

"Türkmen sporty heniz podwallardan ýa-da ýarym podwallardan doly çykyp bilenok. Sport seksiýalarydyr mekdepleriniň käbiri entek hem podwallarda ýa-da ýarym podwallarda ýerleşýär" diýip, özüni Aman diýip tanadan aşgabatly sport treneri aýdýar.

Türkmen sporty heniz podwallardan ýa-da ýarym podwallardan doly çykyp bilenok.
Aman, sport treneri.
Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Parahat mikroraýonyndaky toplumlaýyn sport mekdebi şolar ýaly ýerzeminlerde ýerleşýän sport mekdepleriniň diňe biridir. Agyr atletika bilen üçin niýetlenen bu sport zalynda duş ýok. Körek ýanýan lampalaryň yşygynda diwarlaryň käbir ýerlerinden suw akandygy görünýär. Otaglaryň içi-de çygly.

"Käwagt ýokardan suw akanda hasam erbet bolýar. Güýçli ýagyş ýaganda zalyň içini suw basýan halaty hem bolýar" diýip, bu sport mekdebiniň adynyň efirde tutulmagyny islemedik bir işgäri gürrüň berýär.

Kiçiräk zalyň içindäki sport enjamlary-da köne. Howanyň ýeterlik wentilýasiýanyň ýoklugy zerarly bu zalda ýakymsyz ys hem bar.

Ýöne, bulara garamazdan, bu sport mekdebine gatnaýan ýaşlar az däl. Döwlet eýeçiligindäki beýleki sport mekdeplerinde bolşy ýaly, bu sport mekdebinde hem türgenleşmek mugt. Emma ýaş sportsmenler sport egin-eşiklerini özleri satyn almaly.

"Öň sowet döwründe sportsmenlere egin-eşikleri sport komiteti berýärdi. Ökde sportsmenleriň yzygiderli “sborlary” geçirilýärdi. Olaryň mugt iýmitlenmegi üçin ýörite kartoçkalar berilýärdi. Indi munuň üçin pul goýberilmeýär" diýip, mekdebiň işgäri aýdýar.

Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda bu sport mekdebine degişli bolan sambo we dzýudo seksiýalary hem bar. 2001-nji ýylda gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga berilen Olimpiýa stadionynyň birinji gatynda ýerleşýän şol seksiýalaryň ýaş sportsmenleri agyr atletikaçylar bilen bilelikde bir uly zalda türgenleşýärler. Aýratyn zallary ýok.

Remont üçin pul ýygnalýar

Ýöne bu ýerde duş bar. Türgenleşik zalynyň yşyklandyrylyşy hem göwnejaý. Emma, ýaş sportsmenleriň ene-atalarynyň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu zalyň remonty üçin ene-atalardan pul ýygnalypdyr. Olar bu seksiýalara ýaş sportsmenler kabul edilende hem pul soralýandygyny aýdýarlar.

"Men iki hepde mundan ozal sambo seksiýasyna öz oglumy ýazdyrdym. 60 manat töledim. Ýogsam mugt bolmaly. Bu pul zalyň remonty üçin diýip aýtdylar. Şeýle-de sport inwentarlarynyň käbirlerini satyn almak üçin pul kömegini soradylar" diýip, özüni Ýagşygeldi diýip tanadan paýtagtly aýtdy.

Türkmenistanyň kik-boksing milli merkeziniň sportsmenleriniň hem halkara ýaryşlarynda gazanan baýraklary, 5-nji noýabr, 2012.

Sport trenerleriniň käbirleri Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky sport mekdebindäki häzirki ýagdaýyň paýtagtyň beýleki käbir sport desgalaryna hem mahsusdygyny aýdýarlar. Aşgabadyň demir ýol wokzalynyň golaýyndaky seýilgähde ýerleşýän Bedenterbiýe sagaldyş kompleksinde halkara ýaryşlarynda ençeme ýokary derejeli baýraklara eýe bolan türkmen kik-boksçylary türgenleşýärler.

5-nji noýabrda Aşgabatda açylan “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar ýurduň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara segisindäki türkmen sportsmenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan dürli derejedäki baýraklarynyň arasynda ýokarda ady agzalan sport desgasynda türgenleşýän Türkmenistanyň kik-boksing milli merkeziniň sportsmenleriniň hem halkara ýaryşlarynda gazanan baýraklary bardy. Emma baýraklary halkara derejesinde geçirilýän sergide görkezilmäge mynasyp bolan türkmen kik-boksçylarynyň türgenleşýän sport desgasyndaky şertleriň pesdigini şol ýerde türgenleşýän sportsmenleriň käbirleri aýdýarlar.

"Desganyň gurlanyna eýýäm on ýyldan hem köp wagt geçdi. Sport kompleksini remont etmeli. Suw ýok. Suwy seýilgähiň bir çetinden bedreli daşamaly bolýar. Türgenleşmek üçin sport enjamlarynyň hem ählisi köne" diýip, bu ýerde türgenleşýän 27 ýaşly Sapar Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Aşgabatly sport treneri Aman sport komitetiniň çinownikleriniň biparhlygy zerarly sportsmenleriň şeýle şertlerde türgenleşmeli bolýandyklaryny aýdýar.

"Iň bärkisi, ýönekeý futbol topyny almak üçin özüň pul çykarmaly bolýar. Daşary ýurda ýaryşa gitjek bolanlarynda hem çykdajylary öz jübiňden çykarmaly bolýan ýagdaýlar henizem bar. Bu ýagdaý ençeme professional sportsmenlerimizi sporty taşlamaga ýa-da daşary ýurtlara gitmäge mejbur etdi" diýip, Aman aýdýar.