2012-nji ýylyň ýatda galan esasy sport pursatlary

Snoubordda typýan aýallar Weýsonnazda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyrynda bäsleşýärler, Şweýsariýa, 2012 ý. Ýaryşda ABŞ-dan Lindseý Jacobellis ýeňiş gazandy.

"Barselona" toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi, Ispaniýanyň futbol ligasynyň ýanwar aýynda Malagada geçirilen futbol ýaryşynda, salan pökgüsine şatlanýar. Messiniň bir ýylyň dowamynda salan pökgüleriniň sany Gerd Milleriň mundan 40 ýyl ozalky rekordyndan hem geçdi. 2012-nji ýylyň 13-nji dekabryna çenli Messiniň hasabynda 88 sany gol boldy.

Serbiýaly Nowak Djokowiç Awstraliýanyň Açyk tennis ýaryşynda ispaniýaly Rafael Nadaldan üstün çykandygyna şatlanýar. Melburn. 30-njy ýanwar.

Nadal birnäçe aýdan soň Djokowiçden ar aldy we ondan üstün çykyp, 11-nji iýunda Parižiň Roland Garros stadionynda geçirilen Fransiýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň 7-nji baýragyna eýe boldy we täze rekord goýdy.

Orsýetli Mariýa Şarapowa italiýaly Sara Errani bilen ýaryşýar. Mariýa   Fransiýanyň tennis boýunça aýallar arasyndaky Açyk çempionatynda ýeňiş gazandy, 9-njy iýun.

Pälwan öz garşydaşyny laýa çümürýär. Bu Hindistanyň milli sport görnüşi bolan we laýyň içinde geçirilýän Kuşti atly göreş üçin ýörite türgenleşik merkezinde geçýär. Nýu Deli, 13-nji iýun.

Portugaliýaly Kristiano Ronaldo (çepde) Ýewro 2012 futbol ýaryşynyň Çehiýa bilen çärýekfinal oýnunda Dawid Limberskä garşy hereket edýär. Warşawa, 21-nji iýun. Ronaldonyň goly 1:0 hasap bilen Portugaliýa ýeňiş getirdi.

Ispaniýaly Deýwid Silwa kellesi bilen birinji goly urýar. Ýewro 2012 futbol ýaryşynyň finalynda Ispaniýa 4:0 hasap bilen Italiýany ýeňdi. Kiýewiň Olimpiýa stadiony, 1-nji iýul.

Ukrainaly Wladimir Kliçko (sagda) ABŞ-dan Toni Tompson bilen göreşde üstün çykyp, agyr agramly boksçylar arasynda Dünýä çempiony adyny we beýleki ýokary derejelerini saklap galdy.

Gazagystanly Aleksandr Winokurow welosiped sürüjileriň arasyndaky ýaryşda ýeňiş gazanyp, Londondaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medala eýe boldy, 28-nji iýul, 2012 ý.

Fransiýaly ýüzüji Kamille Muffat Londondaky Olimpiýa oýunlarynda 200 metrlik aralykda kümüş medal gazandy, 31-nji iýul.

ABŞ-ly Aleksandra Raisman Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň gimnastika boýunça final ýaryşynda çykyş edýär.

Ukrainaly Ýana Dementýewa (öň planda), Anastasiýa Koženkowa, Nataliýa Dowgodko we Kateryna Tarasenko tomusky Olimpiýa oýunlarynda dört bolup küreklemek boýunça aýallar arasyndaky ýaryşda altyn medal gazandylar.

Olimpiýa oýunlarynyň ýüzmek boýunça finalynda ABŞ-dan Mihael Pelps erkekleriň arasyndaky 200 metrlik distansiýa başlaýar. Londondaky Olimpiadada Pelps taryhda iň köp sylag alan olimpiýa sportsmenine öwrüldi

Günorta Afrikaly Oskar Pistorius awgust aýynda 400 metrlik distansiýada ylgap, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan iki aýaksyz ilkinji adam boldy. Bir aýdan soň Pistorius paralimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy we 3 medal gazandy.

Ýamaýkaly Usain Bolt (çepde) Olimpiýa oýunlarynda 5-nji awgustda erkekleriň arasyndaky 100 metrlik final tapgyrynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Bolt 100 we 200 metrliklerde yzly-yzyna ýeňiş gazanan ilkinji erkek sprinter adyna eýe boldy.

Orsýetli Gulnara Galkina Olimpiýa oýunlarynda uzynlygy 3000 metrlik päsgelçilikli ylgamak ýaryşynda ýeňiş gazandy, 6-njy awgust.

Özbegistanly Swetlana Radziwil ýokarlygyna bökmek boýunça aýallar arasyndaky ýaryşda çykyş edýär. Olimpiýa oýunlary, 9-njy awgust.

Ermenistanly Arman Ýeremýan (çepde) Olimpiýadanyň taekwondo boýunça çärýekfinal ýaryşynda Gollandiýaly Tommi Mollet bilen göreşýär.

Ukrainaly kör sportsmen Ruslan Katyşew sentýabr aýynda London 2012 Paralimpiýa oýunlarynda uzynlygyna bökmek boýunça sport ýaryşyna gatnaşdy.

Eýranly Hajar Taktaz sentýabr aýynda Londonda geçirilen Paralimpiýa oýunlarynyň aýallar arasynda ýekedabany zyňmak boýunça ýaryşa gatnaşdy.

Germaniýaly Formula-1 kysymly ulaglaryň sürüjisi Sebastian Wettel sentýabr aýynda Singapurda geçirilen Gran Pri ýaryşyna taýýarlyk görýär. Wettel şu ýylyň dowamynda dünýä çempiony diýen adyna üçünji sapar eýe boldy.

ABŞ-ly welosiped sürüjisi Lance Armstrong awgust aýynda Kolorado ştatynyň Aspen şäherinde geçirilen ýaryşa gatnaşdy. Oktýabr aýynda ABŞ-nyň dopinge garşy agentligi Armstrongyň ýaryşlara gatnaşmagyny ömürlik gadagan etdi. “Tour de France” ýaryşynda ýedi gezek ýeňiş gazanan Armstrong ýeňiji adyndan hem mahrum edildi.

Owganystanly boksçy Hamid Rahimi Tanzaniýaly Said Mbelwany ýeňdi. Dünýä boks guramasynyň kontinentara orta agramdaky bu ýaryşy 30-njy oktýabrda Kabulda geçirildi. Owganystanda onlarça ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek geçirilen bu professional boks göreşini tomaşaçylar şatlyk bilen kabul etdiler.