The National Geographic jemgyýetiniň nusgawy suratlary

“The National Geographic” žurnalynyň ilkinji redaktory Gilbert H. Groswenor. Onuň tutuş gijäni äpet sekwoýýa (Demiragzyk Amerikada ösýän äpet-uly pürli agaç) agajynyň düýbünde geçirip, oýanan pursaty.  Bu surat, Groswenoryň Kaliforniýanyň Sierra Newada dagyna eden ilkinji gezelenji döwründe düşürlipdi. Ol bu sapardan soň, 1916-njy ýylda Milli park gullugyny döretmäge ýardam eden kanun taslamasynyň kabul edilmegi üçin çykyş edipdi.

Awtomatiki foto kamera arkaly alnan gaplaňyň suraty. Bu pursat, 1995-nji ýylda Hindistanyň Bandhawgarh milli parkynda surata düşürildi.

“Buz gyzy” – bu 500 ýaşyndaky ýaş Inka gyzy. Ol arheologlar we “The National Geographic” žurnalynyň derňewçisi Ýohan Reýhard tarapyndan Peruan dag gerişlerinden tapylypdy.

1938-nji ýylda düýeli üç adam Giza piramidlerine ser salýar.

“The National Geographic” jemgyýetiniň baýdagy gämide ýerleşdirilýär. "M.S. Silverash" gämisinde jemgyýetiň hemaýat etmeginde Mann ekspedisiýasy geçirilipdi. Şol ekspedisiýa Hindistanyň gündogaryndaky adalaryndan Waşingtonyň milli haýwanat bagyna haýwanlary ýygnamak üçin amala aşyrylypdy.

1963-nji ýylda Ewerest dagynyň depesine çykan ilkinji amerikan topary. Olaryň arasynda “The National Geographic” jemgyýetinden Barry Bişop hem bar.

1926-njy ýylda, deňiz biology William Longli we “The National Geographic” jemgyýetiniň suratçysy Çarlez Martin suwuň aşagynda ilkinji reňkli suratlary düşürdiler.

“The National Geographic” jemgyýetiniň işgäri Jeýn Gudol bilen ýaş Fliny atly şimpanzeniň arasyndaky täsirli pursat. Bu 1964-nji ýylda Tanzaniýanyň Gombe goraghanasynda surata düşürildi.

Poleontolog we “The National Geographic” jemgyýetiniň işgäri Luiz Likiý öz maşgala agzalary bilen Tanzaniýadaky Olduwai jülgesini öwrenýärler.

Britan Kolumbiýasynyň köp ýagyş ýagýan tokaýlarynda gyzyl kedrlar 1000 ýyla çenli ösüp, ol ýerdäki goňur aýylaryň tüýi ak reňke bürelendir. Olar ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ruhy aýylar hökmünde häsiýetlendirilýär.

Demir perdäniň arkasynda: 1964-nji ýylyň maý aýynda Gyzyl meýdançada geçen işçileriň parady.

1957-nji ýylda Günorta polýusa baran ilkinji "National Geographic" žurnalynyň habarçysy Tomas Aberkrombi.

Ýolbarsyň uklamak üçin Urgandanyň korolewa Ýelizaweta parkyndaky agaja dyrmaşan pursaty.

ABŞ-nyň Waşington ştatynyň demirgazyk-günbataryndaky Giffort Pinçot atly milli tokaýynda günüň batýan pursaty. 2009-njy ýylda tokaýa meşhur tebigaty goraýjy we "National Geographic" jemgyýetiniň agzasy Giffort Pinçotyň ady dakyldy.

1938-nji ýyldan başlap Amerikan etnologiýasynyň Smitson edarasynyň başlygy Mattew Stirling "National Geographic" jemgyýetiniň hemaýat etmeginde Meksikadaky Tabasko hem-de Werakruz şäherlerine gurnalan sekiz ekspedisiýa ýolbaşçylyk etdi.

Arheolog we "National Geographic" jemgyýetiniň işgäri Riçard Adamyň 1984-nji ýylda Guatemaladaky guburlaryň birinde Kolumbiýadaky maýýa diwarlaryndaky ýazgylary derňeýän pursaty.

1912-nji ýylyň aprel aýynda demirgazyk Atlantik deňzinde aýsberg bilen çaknyşan “Titanik” gämisiniň poslan burnunyň 1991-nji ýylda alnan suraty. Gäminiň galyndylary 1991-nji ýylda "National Geographic" syýahatçysy Robert Ballard tarapyndan tapyldy.

1909-njy ýylda "National Geographic" jemgyýetiniň maliýeleşdirmeginde Robert E. Peariniň ýolbaşçylygyndaky demirgazyk polýusa gurnalan ekspedisiýadan bir pursat.