'Betgelşik' binalar
1889-njy ýylda bina edilen Eýfel diňi dünýäniň iň meşhur ýadygärlik eserleriniň birine öwrüldi. Ol açylmazdan öň şol döwrüň binagärleri tarapyndan köp tankytlandy we peýdasyz, betgelşik bina diýlip hem atlandyrylypdy.
Praganyň “Täze tapgyr” teatry. Onuň dizaýny kommunist döwrüniň belli arhitektorlarynyň biri Karel Prager tarapyndan çyzylypdy. Binanyň daşyny örtýän aýna bölekleri ýaňsa alnyp, doňdurlan peşewe meňzedildi.
1977-nji ýylda açylan Parižyň Jorj Pompidu merkezi. Onuň özboluşly dizaýny köp takytçylarda gapma garşylykly garaýyşlary döredipdi. Muňa garamazdan, bina açylaly bäri ony görmäge gelýän sungat muşdaklarynyň sany 150 milliondan hem geçipdir.
Arhitektor Frank Gehriniň bina eden Bilbaodaky Guggenhaým muzeýi. Ol 1997-nji ýylda açylanda köp adamy haýrana galdyrypdy.
Nýu-Ýorkuň Solomon R. Guggenheim Muzeýiniň çyzgysy 1959-njy ýylda Frank Lloýd tarapyndan taýýarlandy.
Luwr piramidalary arhitektor Pei tarapyndan Parižde bina edilip, 1989-njy ýylda açyldy.
Liwerpuldaky Kafedral ybadathanasy, Angliýa. Ol Frederik Gibberd tarapyndan çyzylyp, 1967-nji ýylda bina edildi. Ýakynda CNN-iň geçiren pikir soralşygynda ol dünýäniň iň erbet binalarynyň hatarynda boldy.
2000-nji ýylda Seattlda açylan Saz tejribesi proýekti hem arhitektor Frank Gehri tarapyndan işlenildi. Ol gysga wagtyň içinde “betmyşan” diýlip tankyt edildi.
2006-njy ýylda Belarusyň paýtagty Minskde açylan milli kitaphana. Ol Mihaýil Winogradow we Wiktor Kramarenko tarapyndan işlenildi. Britaniýanyň Telegraf gazeti binany 21-nji asyryň iň gelşiksiz binasy diýip atlandyrdy.
Kosowanayň Pristina şäherindäki Milli uniwersitetiniň kitaphanasynyň binasy. Ol horwatiýaly Andriýa Mutnýakowiç tarapyndan işlenildi we 1982-nji ýylda açyldy. Bu hem Telegraf gazeti tarapyndan dünýäniň iň betgelşik binasy diýlip häsiýetlendirildi.
Warşawada 1955-nji ýyldda açylan Medeniýet we Ylym köşgi Sowet Soýuzy tarapyndan Polşa sowgat hökmünde gurlup berlipdi. Ony köplenç "Staliniň sanjymy" diýip häsiýetlendirýärler.
Çeh arhitektory ýurduň Milli Kitaphanasynyň dizaýnyny taýýarlady. Haçanda bu şekil 2007-nji ýylda aýan edilende, ol giňden tankytlandy. Ony çeh prezidenti Waslaw Klaus hem tankytlady. Ol, gerek bolsa, muňa öz bedeni bilen hem garşy çykmaga taýýardygyny aýtdy. Binanyň dizaýny soňra ýatyryldy.