Hepdäniň suratlary

Päkistanly gelinler Karaçi şäherinde geçirilýän köpçülikleýin toý dabarasyna gatnaşýarlar.110-a  golaý jübütiň gatnaşýan bu toý dabarasy ýerli haýyr-sahawat edarasy tarapyndan gurnalýar. (AFP/Asif Hassan)

Germaniýanyň Dortmund şäherindäki haýwanat bagynda ýaşaýan Gambela atly žiraf we onuň çagasy (AFP/Berd Thissen)

ABŞ-niň Döwlet sekretary Jon Kerri Kabuldan Pariže barýan uçarynda özi bilen sapar edýän CBS telekanalynyň habarçysy Margaret Brennany doglan güni bilen gutlaýar. (Reuters/Jason Reed)

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Ak tamda geçirilen dabarada kellesi bilen futbol pökgisini oýnaýar. Bu dabara 2012-nji ýylyň MLS kubogynyň çempiony Los Angeles Galaxy komandasynyň we 2012-nji ýylyň Stanley kubogynyň çempiony Los Angeles Kings komandasynyň hormatyna geçirildi. (AFP/Brendan Smialowski)

Daýhan Donald O'Reilly Demirgazyk Irlandiýanyň Antrim etrabynda gar syrgynynda betbagtçylyga uçran goýunlaryň guzyjyklaryny gözleýär. (Reuters/Cathal McNaughton)

Yrakly futbol janköýerleri Bagdadyň Al-Şaab stadionynda Siriýanyň futbol komandasynyň gatnaşmagynda geçirilýän dostlukly duşuşykda milli baýdaklaryny parladýarlar. FIFA Bagdadda halkara futbol duşuşyklaryny geçirmek barada girizen gadagançylygyny ýatyryp, 2003-nji ýylda ABŞ-niň harby goşuny gireni bäri futbol oýunlaryny geçirmäge ilkinji gezek rugsat berdi. (AFP/Ahmad al-Rubaye)

Adamlar Siriýanyň Homs şäherinde jaýlary ýykylyp, harabaçylyga öwrülen köçeleriň birinden geçip barýarlar. (Reuters/Yazan Homsy)

Nikanyň diňe aýal bilen erkegiň arasynda bolmagyny goldaýanlar Waşingtondaky Ýokary suduň öňünde demonstrasiýa geçirýärler. (Reuters/Joshua Roberts)

Praganyň Wenseslas meýdanynda Pasha baýramçylygy mynasybetli goýulan ýumurtgalar.
(Reuters/Petr Josek)

Ermenistanyň Ararat welaýatynda güllän agaçlar.(RFE/RL/Karen Minasyan)

Ermenistanyň Ararat welaýatynda güllän agaçlar.(RFE/RL/Karen Minasyan)

Soyuz TMA-08M kosmos gämisi Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyna getirildi. Ameriklay we orsýetli kosmonawtlar 29-njy martda bu gämide halkara kosmos stansiýasyna uçarlar. (Reuters/Shamil Zhumatov)

Demirgazyk Hindistanyň Uttar Pradeş welaýatynda ýerleşýän Bankeý Bihari ybadathanasynyň golaýynda geçirilen Holi baýramçylygyna gatnaşan iki hindi. (Reuters/Vivek Prakash)

Demirgazyk Koreýada Koreýanyň halk armiýasynyň uçmak we gonmak boýunça geçirýän türgenleşikleriniň resmi çeşmede çap edilen suraty. Günbatar habar serişdeleri surata kompýuteriň kömegi bilen goşmaça uçarlaryň goşulandygyny çaklaýarlar. (Reuters/KCNA)

Adamlar Owganystanyň Jalalabad welaýatynda janyna kast eden hüjümçiniň bombany partladan ýerine üýşüp durlar. (Reuters/Parwiz)

Owganystandaky Bagram türmenisiniň ABŞ tarapyndan Owganystana gaýtarylyp berilmegi mynasybetli geçirilen çärede harbylaryň öňünde ýerde duran saz gurallary. (Reuters/Mohammad Ismail)

Fransuz polisiýasy Parižiň Champs-Elysees köçesinde geçirilen demonstrasiýanyň gatnaşyjylaryna garşy göz ýaşardyjy gaz ulanýarlar. Fransiýada geý nikasyna we geý maşgalalaryna çaga edinmäge rugsat berýän kanuna garşy geçilýän bu demonstrasiýa müňlerçe adam gatnaşdy. (AFP/Thomas Samson)

Siriýanyň Aleppo şäheriniň köçelerindäki zir-zibiller ýakylýarka bir adam oglanjyga tüsseden uzaklaşmaga ýardam edýär.(AFP/Bulent Kilic)

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Un (ortada) 1501 nomerli harby toparynyň döreden söweş we tehniki enjamyny synlaýar. (Reuters/KCNA)

Gazagystanyň Astana şäherindäki beýik binalaryň arasyndan görünýän aýyň şekili (Reuters/Shamil Zhumatov)

ABŞ-niň Döwlet sekretary Jon Kerri Amerikanyň Bagdatdaky ilçihanasynda ABŞ-niň Yrakdaky deňiz harbylary bilen surata düşýär. (AFP/Jason Reed)

Höwesjeň gämi ussasy Aleksandr Marçenkonyň Sibiriň tokaýlyklarynyň golaýyndaky Ýeniseý derýasynda, 17-nji asyryň adaty tagta gämisine çalymdaş gämini ýasaýan pursatyndan bir surat. Marçenko boş wagtlary iki ýyldan bäri çagalykdaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin bu gäminiň üstünde işleýär. (Reuters/Ilya Naymushin)

Yragyň mukaddes şäheri Nejefde ýerleşýän Mehdi armiýasynyň gonamçylygynda jaýlanan adamlaryň garyndaşlary mazarlyga zyýarat edýärler. (Reuters)