Çeçen gyzlary

Çeçen gyzlary 15 ýaşly Seda Bakhagiýewanyň başatgyjyny düzedýärler. Ol, maşgala adatlaryna garamazdan, hijaby geýip bilmesi üçin göreşipdi.

Hallaşýan ýetginjekler Seržen-Ýurt obasynda duşuşýarlar. Ýaşlar köpçüligiň öňünde duşuşyp, biri-birinden aýra oturmaly. Nikadan öň islendik gatnaşyklar gadagan.

Markosiýanyň aýtmagyna görä, Seržen-Ýurt obasyndaky 1-nji mekdebiň ýokary klas okuwçylarynyň ýarpysyndan gowragy başatgyç dakynýar. Çeçen däbinde öň beýle zat ýokdy. 

Seržen-Ýurt obasynyň 1-nji mekdebi. Mekdep gyzlary köýnekli we başatgyçly. Olar sport eşikleriniň musulman düzgünlerine laýyk gelmeýändigini aýdýarlar. 

Çeçen gyzlarynyň ählisi, özleriniň dini ynançlaryna garamazdan mekdeplerde we döwlet edaralarynda başatgyç dakynmaly.

Çeçen ýetginjekleri Gurhan okaýarlar. Markosiýanyň aýtmagyna görä, çeçenistanly ýaşlar Sowet döwründe birnäçe ýyllap dowam eden dini gadagançylykdan soňra Yslam dinini aňsatlyk bilen kabul etdiler. 

15 ýaşly Laýusa Ibragimowa toýa taýýarlyk görýär. Onuň 19 ýaşly Ibragim Isaýewe durmuşa çykmaklygy birnäçe hepde öňünden onuň kakasy tarapyndan ylalaşylypdy. 

21 ýaşyndaky Amina Mutiýewa Grozny şäheriniň Yslam uniwersitetiniň talyby. Ol ýörite otagda namaz okaýar. 

Çeçenistanly tansçylar Grozny şäherinde çykyş etmek üçin öz nobatyna garaşýarlar.

Çeçen oýunçylary çykyş etmäge taýýarlyk görýärler.

16 ýaşly Jamila Idalowa toý gününde. Ol özüniň hallaşýan oglany tarapyndan alnyp gaçylypdy. Idalowanyň maşgalasy olaryň durmuş gurmagyny oňlady. Ramzan Kadyrow gyzlaryň alnyp gaçylmagyny gadagan etse-de, bu ýagdaýlar entek hem ýüz berýär.

Çeçen oglany aýnalary garaldylan ulagyň içinden gyzlary synlaýar.

Çeçen gyzlarynyň bir topary erkeklerden aýratynlykda dur.

Çeçen erkekleri gyzlaryň gabat garşysynda ýygnanyp dur.

29 ýaşly Kazbek Mutsaýew Groznyda sapançadan ot açýar.

Adamlar lezginka tansyny oýnaýarlar.

15 ýaşly Seda Makhagiýewa başatgyjyny dakynýar.