Stalin döwrüne "gijeki syýahat"

Muzeýiň işgärleri tussaglaryň gynalyp sorag edilýän pursatlaryny şekillendirýärler.

Dolinkadaky Karlagyň ozalky baş binasy. Ol häzir muzeýe öwrüldi.

Muzeýiň daşynda sazçylaryň topary saz çalýar. Bu rerpessiýa döwürleri hem edilýärdi.

Muzeýde tussaglaryň şahsy maglumatlary hem ýerleşdirilipdir.

Dolinkanyň ýaşaýjysy Wera Mohodenko 1030-njy ýyllaryň açlygynda ölen ýüzlerçe müň adamyň maglumatlaryny okaýar.

Muzeýiň işgäri gynalan tussagy şekillendirýär.

Muzeýe gelen bir adam Karlagda ýogalan tussaglar barada maglumatlary okaýar.

Muzeýe gelenleriň biri NKWD-niň ofiseriniň arkasynda surata düşýär. Repressiýalar döwri bu iş otagynda tussaglaryň işlerine seredilýärdi.

Maşgalalaryň ähli agzalary, şol sanda göwreli aýallar hem içi adamlardan doly ulaglarda daşalýardy. Olaryň aglabasy, ulagyň içindäki dykyn sebäpli, ýolda ölýärdi.

Syýasy tussaglar jenaýatda aýyplananlar bilen bir otagda saklanýardy.

Şekilde aýal tussaglaryň öz çagalaryny iýmitlendirişi suratlandyrylan.