Bosgunlar güni: Ýanyňyz bilen näme alardyňyz?
Sudanyň Bofe obasyna esgerler kürsäp girende, 20 ýaşly Magbola Alhani özüniň üç çagasy bilen ýurdy terk etmeli boldy. Ol ýany bilen bir gazançany alandygyny aýdýar. Alhadi gazançanyň çagalary üçin nahar bişirmäge amatlydygyny aýdýar.
Somarst we Nur Siriýadaky konfliktde özleriniň bir ýaşlyja gyzjagazyny ýitirdiler. Haçanda olar özleriniň beýleki iki çagasy bilen Bolgariýa göçmeli bolanlarynda, olar ýanlary bilen maşgala portretini alandyklaryny aýdýarlar.
Wais Owganystany 15 ýaşynda terk etmeli boldy. Ýerli komandirleriň gazaplylygyndan gaçyp çykan Wais, häzirki wagt Warşawada ýaşaýar. Wais: "Ejem maňa bir ýüzük bilen maşgala suratlarymyzy berip goýberdi. Olar meniň öýümi ýatladýar" diýýär.
Lina 2010-njy ýylda Gazany terk edip, Rumynýa göçdi. Ol ýany bilen özi üçin iň gymmat zatlary, ýagny dört çagasynyň hatlaryny we suratlaryny alandygyny aýdýar.
Siriýaly bosgunlar Marýan we Ahmed ýerli toparlaryň konfliktinden gaçyp Ýemene bardylar. Marýan ýany bilen boýna atylýan ýalygyny alandygyny aýdýar. Marýan: "Men başymy örtmeli. Üstesine-de ýalygdaky nagyşlar gaty owadan" diýýär.
Gürjüstanly Warwara özüniň ýeke-täk doganynyň öldürilendigini eşidenden soňra, ýurtdan gaçyp çykmaly bolandygyny aýdýar. Warwara: "Iň möhüm zatmy? Eneler üçin bu soragyň jogaby aňsat. Men çagalarymy aldym. Olarsyz men hiç ýere gitmezdim".
Mbela Kongo döwletini 1997-nji ýylda terk etdi. Onuň ýurtdan çykmagyna adamsynyň käbir syýasy düşünjeleri sebäp bolupdyr. Ol ýany bilen milli lybasyny alandygyny aýdýar.
Polşadan bosgunlyk aljak bolýan Abbas: "Goşlaryňy toplajak bolup, wagtyňy ýitirmek gaty howpludy. Haçanda Somaliniň günortasyna gozgalaňçylar girende, men penjegimi alyp, gaçmaly boldum" diýýär.
Žean Louis 1996-njy ýylda Kongony terk edip, Rumynýa göçdi. Ol ýany bilen maşgala fotoalbomyny alandygyny aýdýar. Ol: "Men ýurdy terk edenimden bir salym soň, meniň doganym öldürildi. Ondan şu suratlar ýatlama galdy" diýýär.
Owganystanly Saýed "Talybanlardan" gaçyp, Wengriýa bardy. Ol ýany bilen ejesiniň beren köne ýüzügini alyp gaýdandygyny aýdýar. Saýed: "Haçanda men oňa seredenimde, elmydama ejem ýadyma düşýär" diýýär.
Mahad Somalini terk etmeli bolanda, ilkinji nobatda Gurhan barada pikir edendigini aýdýar.