Balkan Medeniýet hepdeligine taýýarlanýar

Awazadan bir görnüş.

Türkmenistanda ýene bir medeni çäre, has dogrusy Medeniýet hepdeligi geçirilýär.

Prezident G.Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, şu ýyldan bäşlap her ýyl bir welaýatda Medeniýet hepdeligi geçiriler.

Ilkinji Medeniýet hepdeligi 24-nji iýundan 30-njy iýuna çenli aralykda, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp, Awazada geçirilýär.

Azatlyk Radiosy bu çärä görülýän taýýarlyk barada ýerli synçy A.Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.