Bugaýew: Täze resmiler "entek gögele"

Türkmensitanyň hökümet maslahatyndan bir şekil.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň berýän maglumatyna görä, türkmen hökümetiniň düzümine üýtgetmeler girizildi. Birnäçe ýokary derejeli resmiler wezipesinden boşadyldy, şeýle-de täze adamlar işe bellenildi.

Türkmenistanyň gurluşyk ministri Jumageldi Baýramow wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Batyr Ereşow bellenildi. Şeýle-de Töre Ýagşymyradow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Atadurdy Berdiniýazow bellenildi.

Ondan başga-da, prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň senagat ministri Babaniýaz Italmazowy häzirki wezipesinden aýryp, wise-premýer wezipesine belledi.

Türkmenistandan gowuşýan maglumatlarda täze wezipä bellenilen ýa-da işinden aýrylan adamlaryň il içinde kän bir tanalmaýandygy aýdylýar.

Eýsem, bu adamlar kimler? Nädip işe bellenilýär we nädip işden boşadylýar?
Azatlyk Radiosy bu soraglary publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.