"Täze köprülerden razy"

Amyrderýanyň üstünden geçýän köpri

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda Amyderýanyň üsti bilen geçýän “Atamyrat-Kerkiçi” täze döwrebap awtomobil köprüsi ulanylmaga tabşyryldy. Resmi metbugat bu waka uly ähmiýet berip, munuň bilen birlikde sebitde başga-da köprüleriň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny nygtady.

Eýsem, ýerli ýaşaýjylar täze gurulýan köprüler barada nähili pikirde? Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa bu barada ýerli ýaşaýjy Jora Hangeldiýew bilen söhbetdeşlik geçirdi.