ÝOJ: Giriş synaglary başlandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine synag tabşyrmaga gelen ýaşlar. 1-nji awgust, 2013 ý.

1-nji awgustda, penşenbe güni Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda giriş synaglary alnyp başlandy. Bu synaglaryň netijesinde mekdebi tamamlan 100 müň çemesi okuwçynyň, şeýle-de öňki ýyllarda okuwa girip bilmedik ýaşlaryň arasyndan 6 müň gowragy talyp hökmünde okuwa kabul ediler.

Azatlyk Radiosy özüniň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurban bilen habarlaşyp, giriş egzamenleriniň ilkinji güni we onuň guramaçylyk işleri barada söhbetdeşlik geçirdi.