Dogduk Watana sapar # 3

Aşgabat-Tejen ýoly. Men bu ýoldan çagalykda hem, student döwrüm hem, soň hem, tas 30 ýyllap iki ýana gatnadym. Emma ol ýerdäki gözelligi diňe geçen maýda, 15 ýyl aýralykdan soň ýurduma baryp gördüm.

Köne çyra. Bilipmi ýa bilmän, biri ony çarçuwanyň içinden asyp goýupdyr. Bu, birhili, maňa bir zamanlar pikir ýagtylygy bolan, emma indi diwardaky çarçuwda suraty asylgy, emma okalmaýan, unudylan şahyryň ykbalyny ýatlatdy.

Bagdan asylan süzme haltasy maňa ejem pahyryň sygyr sagyp, süýt bişirip, irden okuwa ýa kolhoz işine gidemde iýdiren gaýmaklaryny, banka salyp beren süzmelerini ýatlatdy. 

Magtymguly "It ýalyn topraga dökseň hoşlanar" diýipdir. Emma men itini-pişigini elin, arassaja çanakda naharlaýan adamlary göremde, aç-hor itlere gynanman bilemok.

Türkmen keçesinde oturyp, ýaňy bişen pişme bilen çaý içseň, tagamy bir başga bolýar.

Agşam çyra ýakyp goýsaň, jüýjeler uzak gije ýagta gelen mör-möjekleri awlap, hasyrdap geçýärler. Bu çyra maňa telekeçilik pikiriniň kem-kem ösjeginiň bir delili bolup göründi.

Adamlar ogrudan goranmak üçin penjirelerine gözenek oturdýarlar, ýöne şonam owadan nagyşlar bilen bezeýärler. Diýmek, ogrudanam owadan goranmaly! 

"Täze gelin gelende, köne gelne kim bakar?" diýipdirler. Aşgabatda salnan jaýlar häzir täze gelin ýaly...

Aşgabadyň Botanika bagyndaky suw güli maňa ata-balarymyzyň "Çyn güli saklasaň müň ýylda solmaz" diýen sözüni ýatlatdy.

Türkmenistana saparym Ýeňiş gününe gabat geldi. Uruşda wepat bolan watan goragçylarynyň hatyrasyna goýlan güller owadandy. Ýöne ýat illerde doganlyk mazarlarynda jaýlanan ýigitler, olaryň ýüregi has owadan bolan bolmaly...

Gamsyz çagalyk!

Täze, milli äheňde ýasalan heýkel.

Bir zaman gara äýnek dakynany biraz kelpeň hasaplardylar, indi gözi günden goramak zerurlygyna ýaşlaram gowy düşünýär.

Ýegenim Gültäç günde arassaja jorap geýmegi gowy görýär.

Aşakdan ýokaryk, açyk asmanyň ýagtylygyna çykmak ne gözel!