Türkmen görnüşleri - 35-nji hepde
Tagta bitini ýok etmäge söz berýän bildiriş
Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde oturan ýaşuly adam
Ýoluň gyrasyna goparlyp taşlanan ýol belgisi
Duralgada awtobusa garaşyp oturan ak egin-eşikli ýaşuly
Gijeki toý başlamazdan ozal, bagşylar çaý içýärler.
Tagtabazaryň bugdaý ammarlarynyň biri
Talyp gyzlar
Adamlar otlynyň arkasyndan geçip barýarlar.
Gazet-žurnal satylýan kiosk
Aşgabadyň mekdepleriniň birinde ene-atalar ýygnagy geçirilýär.
4-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen "Meniň Watanym" okuw kitabynyň sahyplarynyň birinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň suraty ýerleşdirilipdir.
Tagtabazar etrabyndaky köçeleriň birinde ot ýakýan zenan
Ulanyşdan galan 2-lik marşrutkalaryň biri
Duşak otly stansiýasynda gutapdyr, somsalary satmaga alyp barýan zenan
Ýaşlar duşuşykda
Adamlar gijeki toýdan ozal ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdançany bezeýärler.
Aşgabadyň mikroraýonlarynyň birinde gawun-garpyz satyp oturan ýaşuly
Bildiriş
Ýolagçylar gutap, somsa, fitçi satyn alýarlar. Aşgabat-Mary otly gatnawynyň ugrundaky Duşak stansiýasy.
Aşgabat demirýol wokzalynyň öňündäki meýdançada ýolagçylar awtobusa garaşýarlar.
Gartaşan zenan ýaşaýyş jaýynyň öňündäki agaçlara timar berýär.