Kiýew türkmen gazyny gönümel satyn almakçy

Türkmenistandaky gazgeçiriji.

Ukraina, 2015-nji ýyldan başlap, tebigy gazy Türkmenistanyň özünden gönümel satyn almagy maksat edinýär. Bu barada Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow ýerli habar serişdelerine beren interwýusynda belläp geçdi.

Nikolaý Azarow

Azarow: “Biz GDA ýurtlarynyň arasyndaky erkin söwda zolagy baradaky ylalaşygyň doly güýjünde işläp başlamagynyň tarapynda çykyş edýäris” diýip, belledi. Ukrain premýer-ministri “Kiýew hem Moskwa tarapyndan tassyklanan bu şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyna deň mümkinçilikleri berýändigini-de” sözüne goşdy.

Premýer-ministr Azarow gürrüňi gidýän şertnamanyň çäklerinde “Russiýa Federasiýasynyň gazgeçirijileri babatynda möhüm maddanyň göz öňünde tutulandygyny, munuň üsti bilen-de Türkmenistandan gazy gönümel satyn alyp bolýandygyny” hem aýratyn nygtap geçdi.

Ukrainanyň türkmen gazyny diňe Russiýanyň gazgeçirijileri arkaly satyn alyp bilýändigini aýtmak möhüm.

Azarow sözüni dowam etdirip, “rus tarapynyň maddanyň güýje girmeginiň möhletini yza süýşürendigini, emma bu maddanyň 2015-nji ýyldan işläp başlajakdygyny” nygtady.

Ukrain resmileri

Ýatladyp geçsek, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistana eden saparynyň çäklerinde baglaşylan şertnamalaryň arasynda “Türkmen gazyny Ukraina akdyrmak baradaky memorandum” hem bardy.

Eduard Stawiskiý

Şol wagt Ukrainanyň Energetika we kömür senagaty ministri Eduard Stawiskiý “Nebit senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Ukrainanyň “Naftogaz” we “Türkmengaz” kompaniýalarynyň arasynda memorandum baglaşyldy. Ýagny, munuň üsti bilen türkmen gazynyň bize [Ukraina] we Ýewropa ýurtlaryna akdyrylmagyny gazanmak we Türkmenistandaky gaz gorlaryny özleşdirmek maksat edinilýär” diýipdi.

Şeýle-de şu ýylyň 24-nji ýanwarynda Ukrainanyň daşary işler ministri Leonid Kožara hem çykyş edip, energiýa serişdelerine baý Türkmenistandan gazyň akdyrylyp başlanjakdygyna, netijede Russiýa bolan garaşlylygyň gowşajakdygyna umyt edýändigini aýdypdy.

Häzirki wagtda Ukraina dürli energiýa proýektleriniň üsti bilen uglewodorod serişdeleri babatyndaky Russiýa bolan garaşlylygyny kemeltmek ugrunda tagalla edýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan Ukraina 2006-njy ýyla çenli ýylda 36 milliard m3 gaz eksport edýärdi.