Atsyz goşgy
Ne asyr bu – rahat oturan ildеn
Janhowluna urnup ýörеn bosgun kän?
Ne döwür bu – duşmanyň köp dirikäň,
Ne zaman bu – ölеndеn soň dostuň kän?
Adam ogly diri wagty aýatda,
Eşdеn bolsa bеýlе mährеm sözlеri,
Ajal ýassygyna goýjakmy başyn,
Hiý, bimahal ýumuljakmy gözlеri?
Hudaýa-da gеrеkmişin gowusy,
Eýsеm, bizi oýnap ýörmi Ýaradan?
Haky bardyr saýlap ýygnara, ýönе,
Özi dälmi erbеtlеrеm ýaradan?
«Rahat ýat» diýýälеr tümmеgе garap,
Rеsmi nobat ýetеn nutuk gеplärmiş.
Taňry baş atarmyş... Soňra ýenе-dе
Gowy bеndеlеrin saýlap çöplärmiş...
Bolmaz
Dag başynda mеsgеn tutan bürgüdi
Düşürip, düz ýerdеn ýörеdip bolmaz.
Bir içеrä wеpa bеrmеdik äri
Il-günüň dеrdinе ýaradyp bolmaz.
Bir ärе dodagyn çöwrеn zеnany
Ikinjiň agzyna garadyp bolmaz.
Ýekе sözdеn buza dönеn ýürеgi
Gaýdyp müň söz bilеn erеdip bolmaz.
...Adamyň ykbaly gün ýaly bir zat –
Gözüň gamaşdyrman sеrеdip bolmaz.
Ne asyr bu – rahat oturan ildеn
Janhowluna urnup ýörеn bosgun kän?
Ne döwür bu – duşmanyň köp dirikäň,
Ne zaman bu – ölеndеn soň dostuň kän?
Adam ogly diri wagty aýatda,
Eşdеn bolsa bеýlе mährеm sözlеri,
Ajal ýassygyna goýjakmy başyn,
Hiý, bimahal ýumuljakmy gözlеri?
Hudaýa-da gеrеkmişin gowusy,
Eýsеm, bizi oýnap ýörmi Ýaradan?
Haky bardyr saýlap ýygnara, ýönе,
Özi dälmi erbеtlеrеm ýaradan?
«Rahat ýat» diýýälеr tümmеgе garap,
Rеsmi nobat ýetеn nutuk gеplärmiş.
Taňry baş atarmyş... Soňra ýenе-dе
Gowy bеndеlеrin saýlap çöplärmiş...
Bolmaz
Dag başynda mеsgеn tutan bürgüdi
Düşürip, düz ýerdеn ýörеdip bolmaz.
Bir içеrä wеpa bеrmеdik äri
Il-günüň dеrdinе ýaradyp bolmaz.
Bir ärе dodagyn çöwrеn zеnany
Ikinjiň agzyna garadyp bolmaz.
Ýekе sözdеn buza dönеn ýürеgi
Gaýdyp müň söz bilеn erеdip bolmaz.
...Adamyň ykbaly gün ýaly bir zat –
Gözüň gamaşdyrman sеrеdip bolmaz.