Eýran: ÝB käbir sanksiýalary ýatyrar

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (çepde) we Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius. Şweýsariýa. 24-nji noýabr, 2013 ý.

Fransiýanyň daşary işler ministri ÝB-niň Tährana garşy girizilen käbir sanksiýalaryny şu ýylyň ahyryna çenli ýatyrmakçydygyny mälim etdi. Bu dünýäniň iri alty döwleti bilen Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen gelnen ylalaşygyň çäginde amala aşyrylýar.

Laurent Fabius duşenbe güni “Europe 1” radiosynda çykyş edip, öňümizdäki hepdeleriň içinde ÝB-e agza döwletleriň daşary işler ministrleri jemlenip, Eýrana garşy girizilen käbir sanksiýalaryň çäklendirilen görnüşde ýatyrylmagy boýunça taslamany hödürlärler.

Ol: “[Duşuşyk] öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda geçer. Daşary işler geňeşiniň maslahaty geçiriler, şeýlelik-de ÝB-niň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerine Aştonyň taslamasy, elbetde, biziň hem goldawymyz esasynda käbir ýeňillikler hödürlener. Emma bu çäklendirilen, gönükdirilen we [zerur halatynda] yzyna alnyp bolunýan çäreler bolar” diýdi.

Brýusselde ýokary derejeli günbatarly diplomat gürrüňi gidýän çäreleriň ýanwaryň başlaryna ýa-da ortalaryna hödürlenip bilinjekdigini aýtdy.

Ylalaşyk

Ženewada geçirilen dört günlük maslahatyň netijesinde ýekşenbe güni Eýran sanskiýalaryň çäklendirilen görnüşde ýatyrylmagynyň deregine özüniň käbir ýadro işlerini togtatmaga razylyk berdi. Deslapky ylalaşygyň netijesinde, duşenbe güni nebitiň bahasy hem pese gaçdy.

Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşiklere gatnaşan dünýäniň iri alty döwleti, ýagny Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we ABŞ gelnen ylalaşyga gowy baha berdiler.

Emma Fabius ylalaşygyň “diňe ilkinji ädimdigini”, şeýle-de “mesele doly çözülýänçä, ol çözülmän galýandygyny” hem nygtap geçdi: “Biz regional we halkara derejesinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň gowulanmagyny isleýäris. Emma Eýrana “Men bombany ýasap, ony hem seniň depäňden goýberip bilerin” diýen nazar bilen garalanda, bu biziň howpsuzlyk düşünjämize ters gelýär. Şunlukda biz bu howpy aradan aýyrmak ugrunda tagalla edýäris”.

Dünýä döwletleri Eýranyň ýadro programmasyna dulanyp ýadro ýaragyny edinmeginden howatyr edýärler. Tähran bu aýyplamalary inkär edip, özüniň alyp barýan işleriniň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini öňe sürýär.