Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran: Ženewada ylalaşyk gazanyldy


 Ženewa, Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşiklerden bir pursat. 22-nji noýabr, 2013.
Ženewa, Eýranyň ýadro programmasy baradaky gepleşiklerden bir pursat. 22-nji noýabr, 2013.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton Ženewa gepleşiklerinde dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen Eýranyň arasynda bu ýurduň dawaly ýadro programmasy barada taryhy ylalyşyga gelnendigini yglan etdi.

"Intensiw gepleşiklerden soň biz şu gün uzak möhletli, hemme taraplaýyn çözgüde gelmek babatda bilelikdäki hereket plany barada ylalaşyk gazandyk. Biz hemme taraplaýyn çözgüde getirjek prosesiň alty aý möhletde iki tarapdan hem ýerine ýetirilmeli başlangyç ädimleri, garşylykly çäreleri öz içine almagy barada bir pikire geldik."

Aşton ýekşenbe güni eden beýanatyna «bilelikde hereket etmegiň başlangyç planynyň» hemme taraplaýyn çözgüt atmosferasyny döretjegini hem goşdy.

Aşton: "Bile hereket etmek çözgüt atmosferasyny döreder"
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:28 0:00


"Mertebeli ýoda"

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ak tamda çykyp gürläp, bu ylalyşygyň Eýrany halkara jemgyýetçiligine gaýtadan goşulmagyň «mertebeli ýodasy» bilen upjün edýändigini aýtdy:

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama.

"Bu gün bizde töwerekleýin, parahatçylykly çözgüdi gazanmagyň hakyky mümkinçiligi bar we men biz muny hökman synag etmeli diýip hasaplaýaryn. Biziň şu gün äden ilkinji ädimimiz biziň Eýran bilen men bu wezipä girişelim bäri eden iň saldamly we görnetin progresimiz bolup durýar. Indi biz öňümizdäki aýlary biziň we ýaranlarymyzyň howpsuzlygyna onlarça ýyl wehim salan meseläni uzagyndan we hemme taraplaýyn çözmek maksady üçin ulanmaly."

Obama Birleşen Ştatlaryň Ysraýylyň howpsuzlygy babatdaky meselä hem ygrarly galýandygyny sözüne goşdy:

"Biziň öňe süýşmegimiz bilen, Birleşen Ştatlar öz beýleki dostlary we ýaranlary babatdaky borçlarynda hem berk aýgytlylygynda galar. Hususan-da Ysraýylyň, biziň Aýlak hyzmatdaşlarymyzyň Eýranyň niýetlerine şübheli garamak üçin ýeterlik sebäpleri bar. Ahyr netijede, Eýranyň ýadro programmasynyň döreden synagy babatda diňe diplomatiýa uzak möhletli çözgüt getirip biler. "

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle ýekşenbe güni gazanylan ylalaşygy "gaýdyş pellesi» diýip häsiýetlendirdi.

"Möhüm, emma ilkinji ädim"

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bu ylalaşygy «möhüm sepgit, emma birinji ädim» diýip atlandyrdy. Ol munuň uran baýlaşdyrylmagynyň dowam etmegini-de içine alýandygyny belledi.

Zarif Eýranyň ýadro programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlydygyny hem gaýtalap aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň metbugat üçin ýaýradan maglumatyna görä, Eýran 5 prosentden ýokarda uran baýlaşdyrmasyny togtamaga, ozal 20 prosente golaý baýlaşdyran uranlaryny bolsa, alty aý içinde 5 prosentden aşakdaky derejä düşürmäge razy bolupdyr.

Şeýle-de Eýran indi uran baýlaşdyrmak üçin hiç bir täze sentrifuga oturtmazlyga, Arakdaky dawaly agyr-suw reaktoryny ulanyşa girizmezlige razy bolupdyr. Mundan başga, Tähran öz ýadro programmasy babatda aňrybaş açyk-aýdyňlyga hem berk gözegçilige razylyk beripdir.

Muňa derek, 5+1 döwletleri altyn we gymmatbaha metallar, Eýranyň nebit-himiýa eksporty babatdaky sanksiýalaryň köpüsini togtatmaga razy boldular. Şeýle-de olar Eýranyň ýolagçy uçarlarynyň howpsuzlyga degişli bejeriş işlerine rugsat bererler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň edarasynyň ýaýradan beýanatynda bu ylalaşyk tankyt edilýär.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanyahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanyahu
«Bu ýaramaz ylalaşyk, ol Eýrana öz etmek islän zadyny, ýagny öz ýadro programmasynyň esasy bölegini saklap galmak bilen sanksiýalaryň bölekleýin ýatyrylmagyny gazanmak mümkinçiligini berýär» diýip, Ysraýylyň beýanatynda aýdylýar.

Ýekşenbede bäşinji gününe giren gepleşikler Eýranyň uran baýlaşdyrmak hukugynyň ykrar edilmegini sorap aýak depmegi netijesinde petige diredi.
XS
SM
MD
LG