Türkmenistanlylar parlament üçin ses berýär

Türkmenistanlylar ses berýär. Aşgabadyň etegindäki Gypjak obasy, 15-nji dekabr, 2013.

Türkmenistanda ilkinji gezek iki partiýanyň agzalarynyň bäsleşmeginde parlament saýlawlary geçirilýär. 15-nji dekabrda ir sagat 7-de başlanan ses berişlikde saýlawçylar 283 kandidatyň arasyndan öz halan kandidatlaryna ses berýärler.

Azatlyk Radiosy saýlawlaryň gidişi, saýlawçylaryň saýlawa gatnaşygy barada Aşgabatdaky habarçylary Myrat Gurbanow, Soltan Açylowa hem-de Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeşlik geçirdi.