N.Nurmämmedow: Hatyra gününde prezident has köp hatyralandy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli geçirilen çärede. 12-nji ýanwar, 2014 ý.

12-nji ýanwarda Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli gurnalan resmi çärelerde howpsuzlyk güýçleriniň sadaka baran adaty raýatlara berk we gödek daraşandygy, şeýle-de resmi çäreler tamamlanýança Galanyň käbir bölekleriniň petikli saklanandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar dogrusynda Gökdepede berlen sadaka gatnaşan aşgabatly aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.