Çeh studenti Ýan Palahyň özüni otlanyna 45 ýyl boldy

1969-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda adamlar Ýan Palahyň hormatyna Praganyň “Weçeslaw” meýdanyna gül desselerini goýýarlar. Bu wakadan üç gün öň Palah aradan çykypdy.

Ýan Palah Pragadaky Çarles uniwersitetiniň taryh fakultetinde okaýardy. Bu suratyň haçan düşürilendigi barada takyk maglumat ýok.

1969-njy ýylyň ýanwar aýy, uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda Palahyň bile ýaşan otag ýoldaşy.

Palahyň antikommunist protesti adamlary demonstrasiýalary geçirmäge ruhlandyrdy. Onuň özüni otlap ölen güni, ýagny 19-njy ýanwarda Palahyň hormatyna açlyk yglan eden adamlar Praganyň merkezinde ýygnanyşdylar.

1969-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Pragada geçirilen ýörişler döwri talyplar Palahyň suratlaryny we baýdaklary göterip barýarlar.

20-nji ýanwarda müňlerçe talyp Ýan Palahy goldap, ýöriş geçirýärler.

1969-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda müňlerçe adam Palah bilen iň soňky gezek hoşlaşmak üçin Çarles uniwersitetiniň öňünde nobata düzüldiler.

Pragada Palahyň jynazasy döwründe onuň dogany Ýiri ejesi Libuse Palahowa goldaw berýär.

Palah ýogalandan 20 ýyl soň, 1989-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda polisiýa protestçileri tussag edýär. Bu demonstrasiýalar onuň hormatyna "Palah hepdesi" diýip tanalýan köpçülikleýin protestlere öwrülipdi. Bu protestler Çehslawakiýanyň kommunist režimine garşy geçirilipdi.