Ýewrowideniýe: Ýatdan çykmajak skandallar

"Buranowskiýe Babuşki" toparynyň aýdymçylary 2012-nji ýylda Ýewrowideniýe bäsleşiginde öz ene dillerinde, udmurtça aýdym aýdanlarynda, gowy bir täzelik hökmünde garşylanypdy. Emma şondaky 'grannileriň' bir topary Kremliň Krym syýasatyny goldaýan hata gol çekdi.

 2014-nji ýylda ermenistanly aýdymçy Aram Mp3 awstraliýaly aýdymçy Konçita Wurstiň (Conchita Wurst)  sakgaly barada gelşiksiz zatlary aýdyp, Ýewrowideniýe janköýerleriniň gaharyny getirdi. Aram biraz soň telewideniýede ötünç sorady.

Azerbaýjanly aýdymçy Farid Mammadow (sagda) 2013-nji ýylda Malmoda (Swesiýa) jemleýji konsertde çykyş edýär. Nebite baý Azerbaýjan Swesiýa tarapyndan birnäçe ýurtda žýuri agzalaryna para bermek synanyşygynda aýyplananda, uly galmagal turdy. Bu ýagdaý Ýewrowideniýe guramaçylaryny has gowy aýdyňlyk üçin žýuri ses berişligini derňemäge mejbur etdi.

 

Ýewrowideniýe bäsleşigine gatnaşýan aýdymçylar ýaryş wagtynda syýasy işlerden saklanmaga çagyryldy. Emma 2012-nji ýylda Bakuwdaky bäsleşikde ýeňiji bolan şwesiýaly aýdymçy Lorin (Loreen) finaldan ozal azeri aktiwistleri bilen duşuşdy, biraz soň bolsa, syýasy tussaglaryň maşgalalary bilen duşuşmak üçin Belarusa gitdi.

Aktiwistler Bakuwyň 2012-nji ýylda Ýewrowideniýe bäsleşigine beýemçilik etmegini ýurduň gözgyny adam hukuklary ýagdaýyna ünsi çekmek üçin ulanmaga synandylar. Polisiýa ofiserleri Azerbajan telewizion stansiýasynyň daşynda, Ýewrowideniýe gepleşikleri berlip duran wagtynda, protestçileri tussag edýär.  
 

Azerbaýjan Ýewrowideniýe taýýarlyklary, şol sanda Hrustal zal sahnasynyň gurluşygy üçin ýüzlerçe million dollar harçlandyr öýdülýär. Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" guramasy hökümetiň täze binany gurmak üçin, jaýlaryny ýykyp, 20 müňe golaý adamy zor bilen ýaşaýan ýerinden göçürendigini aýtdy. 

Rus prezidenti Wladimir Putin Moskwada 2009-njy ýylda boljak bäsleşige görülýän taýýarlyga ýakyndan ýolbaşçylyk eden bolup göründi. Bir analist Putin Ýewrowideniýä "milli mertebäni" ýokary götermek mümkinçiligi hökmüne seretdi diýdi. Bu ýerde prezident azerbaýjanly aýdymçylar Araş (ortada) we AýSel (sagda) bilen görüşýär. 

2009-njy ýylda Gürjüstanyň "Stefane & 3G" pop toparynyň "We Don't Wanna Put In" atly aýdymy rus prezidentine kakdyrma hasaplanyp, kabul edilmesiz edildi. Bu bäsleşik Abhaziýa we Günorta Osetiýa üstünde turan rus-gürji urşundan soň bir ýyl hem geçmänkä bolupdy. 

Ukrain senetçisi Werka Serduçka 2007-nji ýylda Helsinkide bolan bäsleşikde "Dancing Lasha Tumbai" atly çykyşy bilen orsýetlileriň gaharyny getirdi. Serduçka aýdymyň adyndaky soňky iki sözi mongol dilindäki 'ýaýylan mesge' diýen sözlerden alandygyny aýtdy, emma köpler bu ýerde "Russia Goodbye" (Orsýet, hoş gal) diýen sözleriň gaty we açyk eşidilendigini aýtdylar.

Ýewrowideniýäniň däp bolan goňşuçylyk ses berişligi käte juda yzaga çekýär. 2007-nji ýylda Estoniýanyň paýtagty Tallindäki etniki ruslar, resmiler Ikinji Jahan Urşuna dikilen sowet ýadygärliginiň ýerini üýtgedenlerinden soň, pitne turuzdylar. Emma muňa garamazdan, baltika ýurdy birnäçe hepde soň bolan aýdym ýarşynda Orsýete maksimum 12 gökeziji sylagyny eçildi. 

Ermenistan we Azerbaýjan hiç wagt diýen ýaly biri-birine ses bermedi. Ermenistanyň 2006-njy ýyldaky ilkinji Ýewrowideniýe ýeňijisi Andre reklama wideosynda Osmanlylar döwründäki ermeni gyrgynçylygynyň şekillerini görkezensoň, Azerbaýjanda we Türkiýede gazaply prtotestlere sebäp boldy.

Ukrainanyň "GreenJolly" ansambly ilki "Biz bilelikde kän" ("Together We Are Many") diýen aýdymy bilen meşhur boldy. Bu aýdym 2004-nji ýyldaky Mämişi rewolýusiýanyň resmi bolmadyk gimnine aýlandy. Bu topar soň, 2005-nji ýylda Ukraina wekilçilik edende, şu aýdym bilen çykyş etdi. Bu aýdym Orsýetden sowuklaç iki dereje aldy.

Käbir ýurtlar Ýewrowideniýäniň çäklendirmelerine tabyn bolmazlyk üçin soňky pursatda syýasy yşarat etmekde tanalýar. Norwegiýaly Wig Wam 2005-nji ýylda Ukraina goldawyny aňlatmak üçin mämişi baýdak galgatdy.