Owgan Marçagyna hüjüm edildi

Owgan serhetçileri tälim okuwynda

Owgan-türkmen serhediniň demirgazyk Owganystanyň Badgis welaýatynyň Marçak obasyndaky serhet polisiýasy bölüminiň baştutany Döwlet Mawiniň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtmagyna görä, çarşenbe güni agşam, gije ýarymlarda serhetçleriň postuna we oba ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm edilip, atyşyk mahalynda owgan serhet güýçleriniň alty agzasy ýaralandy.

Şeýle-de bu atyşykda ýaragly jeňçileriň ondan gowragynyň öldürilendigi, ençemesiniň ýaradar edilendigi aýdylýar.

Döwlet Mawin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan hem serhede esger gözegçiliginiň ýokarlanandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň owgan serhetçisi bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owgan Marçagyna hüjüm edildi