Zibil içindäki Gurtly

Kölüň islendik ýerinde diýen ýaly zir-zibile duşmak bolýar.

Kölüň dynç alyş infrastrukturasynyň dolulygyna diýen ýaly ýumrulandygyna garamazdan, bu köle suwa düşmäge gelýän paýtagtlylar we onuň myhmanlary az däl.

Bu plýaža dynç almaga gelýänler zir-zibilli suwda suwa düşýärler, zir-zibiliň arasynda oturyp, öz ýanlary bilen getiren naharlaryny iýýärler.

Gurtly kölüniň bu “ýabany plýažynda” hem dynç alýanlar üçin hiç hili amatlyklar ýok.

Bu kölüň daş-töwereginde bir wagtlar daçalardyr, dynç almak üçin ençeme binalar gurlupdy.

Awtobus ýa-da beýleki jemgyýetçilik transporty hem gatnamaýar.