Çeşmeler: Ussatlar Unudylmaýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ýazyjy Naryman Jumaýewiň edebi hyzmaty bilen baglanyşykly pikir ýöretmäge wagt ýetdi. Uly ýazyjynyň dünýäden öteli bäri 30 ýyl geçdi. Ol ýazyjynyň döredijiligi üçin, möhüm synag möhleti. Bu döwürde täze nesil ýetişýär. Şeýlelikde, ýazyjynyň obasy, onuň il-güni hem okyjylar N. Jumaýewi unutdylarmy ýa-da ol halk hakydasynda ýaşaýarmy? Medeniýet gepleşigimiz şu tema bagyşlanýar.