"Kemçilikler aýdýan adamyň özüne degişli"

"Jygyllyk" bazary, Aşgabat, 2013.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 11-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde ýurduň dokma senagaty ministri Saparmyrat Batyrow işden boşadyldy.

Ol bazary öwrenmek we ol ýere uly isleg bildirilýän harytlary çykarmak meselelerini öwrenmezlikde, netijede, öndürilýän önümleriň ýerlenip bilinmezliginde tankytlanýar.

Mundanam başga, resmi habara görä, ozalky ministr dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga, hünärli kadrlary ýetişdirmäge hem ýeterlik üns bermändir.

Türkmenistanda soňky iki onýyllykda ministrleriň prezident tarapyndan tankytlanmagy we işden boşadylmagy adaty bir zada aýlandy.

Azatlyk radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, täze habar bilen baglylykda, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary, häzir Şwesiýada ýaşaýan türkmen biznesmeni Sapamyrat Yklymow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Kemçiliker aýdýan adamyň özüne degişli"