"Agyz suwumyz mugt bolsa, depäm göge ýetjek"

Suw boçkalaryny dolýan ýaşaýjylar.

Halkara Krizis topary 11-nji sentýabrda çap eden hasabatynda, Amy derýanyň suwunyň azalmagynyň Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň aragatnaşygyna, hökümetleriň ilat bilen arasynda düşünişmezliklere sebäp bolup biljekdigini habar berýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy Öwliýaguly bolsa, Amyderýanyň suwunyň azalşy baradaky ýagdaýyň olaryň obasyna eýýam täsirini ýetirip başlandygyny, hatda agyz suwuny hem satyn alyp içýändiklerini aýdýar.

Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew bilen geçiren söhbetdeşliginde ildeşimiz suw ýetmezçiliginiň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsiri hakda jikme-jik maglumat berýär. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Içer ýaly suwumyz mugt bolsa, depäm göge ýetjek"