Orazow: "Daşoguzda ýagdaý agyr"

Daşoguz. Çagalar saglygy saklaýyş desgasynyň resmi şekili.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna bardy.

Türkmen metbugaty prezidentiň Daşoguz şäheriniň uçar meýdanynda resmi adamlar tarapyndan garşy alnandygyny, soňra öz egindeşleri bilen agşam gezelenjine çykyp, welaýat merkezindäki köpugurly sport toplumyna baryp görendigini habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri komandalara bölünip, sport toplumynda sportuň dürli ugurlary, şol sanda futbol we woleýbol boýunça özara ýaryş geçirdiler.

Şeýle-de metbugatda türkmen prezidentiniň bu merkezde ýerleşýän futbol meýdançasynyň aýlawynda welosipedli gezelenç edendigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy prezident Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary bilen baglylykda, bu regiondaky sosial meseleler, adamlaryň durmuş-ýaşaýyş kynçylyklaryny ýeňletmek mümkinçilikleri barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy, häzir Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Daşoguzda ýagdaý agyr"