Donbasdaky gündelik durmuş
Pitneçi meýdan komandiri Igor Bezler Gorlowkada bir toýda gitara çalýar. Donetsk regiony.
Şepagat uýasy Tatýana Gorlowkadaky pitneçi barlag nokadynda separatist söweşijä ýardam edýär.
Nikolaý Gorlowkada bir ýykylan binanyň öňünde üzüm satýar.
Separatist söweşiji Donetskde, aeroporta golaý Kiýewskiý etrabynda bukulyp otyr.
2-nji noýabrdaky dawaly saýlawa çagyrýan plakat. Şewçenko bulwary, Donetsk.
Petrowskidäki bomba gaçybatalgasynda ýerli maşgalalaryň birnäçesi ýaşaýar, olaryň öýleri top okundan weýran bolupdyr. Donetsk etraby.
Ýaş oglan Donetskde ýaşaýan ýerinden bosan maşgalalara meýletinçiler tarapyndan iberilen şokaladdan iýýär.
Kremle wepadar aýdymçy Iosif Kobzon bilen özüni jar eden Donetsk halk respublikasynyň premýer-ministri Aleksandr Zaharçenko Donetskdäki konsertde sowet aýdymyny aýdýar.
Donetsk, çagaly enelere gelen kömek paýlanmaga taýýar.
Donetskde iberilen zatlar bar, emma olary Donbasyň gyrak-bujaklaryna ýetirmek kyn.