Syýasy tussag Aýmyradow ýogaldy

Muhammetguly Aýmyradow

Öňki syýasy tussag Muhammetguly Aýmyradowyň 11-nji noýabrda aradan çykandygy we 12-nji noýabrda jaýlanandygy barada onuň hossarlary habar berdiler.

Aýmyradow 1994-nji ýylda tussag edilipdi we daşary ýurtdaky türkmen oppozisiýasy bilen gatnaşykda aýyplanypdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Aýmyradowy “Türkmenistanda zulumyň we adalatsyzlygyň simwoly” diýip atlandyrdy.

Aýmyradowy ýakyndan tanan adamlaryň käbirleri Azatlyk Radiosynyň üsti bilen öz ýatlamalary bilen paýlaşdylar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy Anatoliý Fomin

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow