Aşgabatda protest geçdi

Ýaşaýjylar proteste çykdy. Aşgabat. 29-njy noýabr, 2014 ý.

Paýtagt Aşgabadyň “Parahat-7” mikroraýonynda ilat köpçüligi proteste çykdy.

Sebitiň onlarça ýaşaýjysy, resmiler mikroraýondaky jaýlaryň sowadyjylaryny aýyrmaga gelenlerinde, olara garşy çykdylar.

Ýaşaýjylaryň görkezen garşylygyndan soň, resmiler we işgärler häzirlikçe sebiti terk etdiler.

“Parahat-7” mikroraýonynyň ýaşaýjylary şäher häkiminiň edarasyna ýöriş geçirmäge çagyryş etdiler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabat: Adamlar köçä çykdy

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa wakanyň bolan ýerinden şeýle maglumatlary berýär:

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Parahat-7-niň ýaşaýjylary protest geçirdiler

Ýatlap geçsek, şu ýylyň 23-nji awgustynda hem resmiler “Parahat-7” mikroraýonynyň sowadyjylaryny aýyrmaga gelenlerinde ýaşaýjylar köçä çykypdylar. Şonda resmiler sowadyjylaryň aýrylmajakdygyny öňe sürüpdiler.