Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy sorag edildi

Türkmen polisiýa işgärleri.

Hepdäniň soňunda, ýagny şenbe güni Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew graždan eşigindäki polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edilip, dört sagatlap soraga çekildi.

Bu waka soňky 10 günüň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky üç habarçysynyň tussag edilip, soraga çekilendigini aňladýar.

Bu mesele barada Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew radionyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy sorag edildi