Türkmen görnüşleri - 7-nji hepde

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryna agyz suwuny getirýän ýörite agyz suw kompaniýasynyň awtoulagy. Paýtagtyň käbir ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş jaýlarynda akdyrylýan agyz suwuny içmän, ýörite agyz suw kompaniýalaryndan suw satyn alyp içýändigi habar berilýär.
 

Aşgabadyň S.Nyýazow şaýolunyň ugrundaky 6-njy kiçi etrapçanyň çäginde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň daşyny abatlamak işine taýýarlyk görýän işçiler. Soňky ýyllarda Aşgabatdaky jaýlary ak reňke öwürmek boýunça ýaşaýyş jaýlaryň aglabasynyň ak reňke boýalýandygy habar berilýär.

Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde eli goşly zenan.

Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň ugrundaky “Garaşsyzlygyň 15-ýyllygy” atly söwda merkeziniň golaýyndaky köçe söwdagärleri. Gyşyň sowuk howa şertlerine garamazdan, köçe söwdagärleriniň ir ertirden öz iş ýerlerine çykýandygy aýdylýar.

Aşgabatda 5 gatly ýaşaýyş jaýlardan aýrylan iki penjiräniň satylýandygy barada ýazylan bildiriş. Bildirişde penjiräniň töleginiň bir bölegini iýmit bilen hem töläp boljakdygy bellenilýär.

Paýtagt Aşgabatdaky Medisina uniwersitetiniň töweregindäki bagçylykda tagtanyň ýüzüne gadagançylyk barada ýazylan bildiriş.

Aşgabatda awtobus duralgasynyň golaýyndaky oturgyçlarda dynç alýan mekdep okuwçylary.