Türkmen görnüşleri - 8-nji hepde

Mary welaýatynda sowet döwrüne degişli harby uçaryň monumenti.

Aşgabadyň kommunal hojalyk edarasynyň köçe süpürýän işgäri. Türkmenistanda köçe süpürijiler, atlandyrylşyndan-da mülim bolşy ýaly, gün-uzyn, köp halatlarda baýramçylyk günleri hem köçelerde işlemeli bolýarlar. Köçe süpürijileriň uly bölegini aýal-gyzlar düzýär.

Aşgabatda zir-zibile oklanan malyň derisi we ýüňi. 5-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalaryna ilatdan deri önümlerini we ýüňi kabul etmäge rugsat berýän karara gol çekdi.

Ýoluň gyrasyndaky ekin meýdançalaryna ideg edýän işçi.

Aşgabatda "Döner" diýlip atlandyrylýan naharyň bişirilýändigi we öňünden buýrulan ýagdaýda öýlere getirilip berilýändigi baradaky bildiriş.

Aşgabatda “dümewe garşy göreşmegiň usullary” barada ýerleşdirilen bildiriş. 

Aşgabatda çüýşe toplap, ony arkasynda göterip barýan zenan. Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güzeran üçin aýna, plastik çüýşeleri ýygnaýan käbir zenanlaryň göze ilýändigi aýdylýar.