Köçe bejerişi 'başagaý' edýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabadyň Baba Annanow köçesiniň berjeriş üçin ýapylmagy bilen Parahat-7 etrapçasyna gelýän awtoulaglaryň gatnawy kynaldy. Bu köçäniň ýapylmagy Oguzhan köçesindäki gatnawlarda, esasanam Oguzhan köçesi bilen Parahat-7-ä sowulmaly çatrykda uly bökdençlik döredýär. Eýýäm bir aý gowrak wagt bäri abdanlaşdyryş işleri alnyp barylýan Baba Annanow köçesiniň ýene näçe wagt ýapyk durjakdygy barada belli maglumat ýok.