Google älemine syýahat

Birleşen Ştatlaryň Mauntin Wýu sebitindäki Kremniý jülgesinde ýerleşýän Google korporasiýasynyň baş edarasy. Bu edara Googleplex ady bilen meşhurlyga eýedir.

Biziň Google korparasiýasynyň baş ştabyndaky gidimiz - orsýetli programmist Grigoriý Zaraýskiý.

Kompaniýanyň ýakynda ene boljak işgärleri üçin ofise ýakyn aralykda ýerleşýän ýörite awtoulag duralgalary döredilipdir.

Bu binada kompaniýanyň döredijileri Sergeý Brin we Larri Peýdž işleýär.

Google korporasiýasynyň işgärleri iş sagatlarynyň dowamynda edaranyň çäklerine kompaniýa tarapyndan berlen welosipedler bilen sapar edýärler.

Google korporasiýasynyň işgärleriniň köpüsi elektrik togy bilen işleýän ulaglary sürýärler. Bu ulaglary elektrik energiýasy bilen täzeden güýçlendirýän stansiýalar gün energiýasy bilen işleýär. Ulaglar elektrik energiýasy bilen 30 minudyň dowamynda täzeden güýçlendirilenden soň, ulag Silikon jülgesinde ýene-de ýüzlerçe kilometri geçmäge taýýar bolýar.

Dünýäde iň meşhur internet gözleg kompaniýasynyň ofisindäki adaty iş stollary.

Korporasiýanyň naharhanasynda ertirlik we günortanlyk naharlary taýýarlamak üçin meşhur we tanymal aşpezler çagyrylýar. Naharhanada hemişe gyzgyn kofe we holodilniklerde iýlip-içilýän zatlar ýerleşidirilip, bularyň ählisi mugt.

Witaminler we kaloriýalar, ählisi korporasiýa tarapyndan üpjün edilýär.

Naharhana. Bu ýerde diňe nahar iýilmän, eýse Google korporasiýasynyň döredijileri Brina we Peýdžiň gatnaşmagynda ýygnaklar geçirilýär.

Käbirleri ýapon naharlaryny halaýar...

Kabirleri bolsa hytaý...

Käwagty ýygnaklar has depginli görnüşde geçýär, ýöne munuň üçin pedaly towlamaly bolýar.

Her bir işgäriň bir boş güni bolýar. Ol şol gün öz proýektiniň üstünde işläp bilýär. Netijesi wajyp.

Korporasiýanyň işgärleri üçin niýetlenen göçme dellekhana. Wagt - pul.

Bir sutkanyň dowamynda islendik wagtda ýuwaş sagat.

Suw howuzy.

Google korporasiýasynyň gözi bilen, dünýäniň kompýuter şekili. Sankt-Peterburgyň köşk meýdançasy.

Iň meşhur awtoulaglaryň biri - Google Street View. Bu ulag bütin dünýäniň köçelerini aýlanyp, jaýlary we töwerek-daşy surata alýar.

Google androidleri.

Korporasiýanyň esasy edarasynyň gabadynda kimdir biriniň külbesi ýerleşýär. Onuň eýesi jaýyny we ýerini satmagy ret edýär. Bu adam öz kararyndan el çekmäge mejbur edilip bilinmeýär.