Satellitler aýrylýar

Çanak antennalaryndan mahrum edilen ýaşaýjylara "kabel telewideniýesi” hyzmatyndan peýdalanmak teklip edilýär. 

Paýtagtyň häkimiýetleri öýlerden çanak antennalarynyň aýrylmagy Aşgabatda yzygiderli geçirilýän şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen bagly diýip düşündirýärler.

Aýrylan çanak antennalar üçin hiç hili kompensasiýa tölenmeýär.

Çanak antenallaryň mejbury aýrylmagy adam hukuklaryna gözegçilik edýän käbir toparlarda maglumat elýeterliligi babatynda aladalanmalary döretdi.