Nebitdag: Göz-gülban jaýlar

Sowet döwründe gurlandygy aýdylýan bu ýaşaýyş jaýlarynda şol döwürden bäri abatlaýyş işleriniň geçirilmändigi, şol sebäpden ýaşaýjylaryň öz hasaplaryna remont işlerini geçirýändigi aýdylýar. Käbir jaýlaryň diwarlarynyň opurlandygyny, käbirleriniň bolsa içindäki zeminleriň ýiti zaýalanandygyny, şol sebäpden jaýlaryň käbir gatlaryna ýumrulmak howpunyň abanýandygyny bu sebitde ýaşaýan ýaşaýjylar belleýärler.

Nebitdag şäheriniň iň köne kwartallarynyň käbirleri diýlip hasaplanylýan bu jaýlarda kanalizasiýa ulgamy ýok. Bu sebitiň ýaşaýjylarynyň käbirleri öz hasaplaryna kanalizasiýa ulgamlaryny çekdirendiklerini aýdýarlar. Ýaşaýjylaryň galanlary bolsa köçede gurlan hajathanalardan peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

Ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda gurlan hajathana. Bu sebitdäki jaýlara nasos arkaly suw çekilen bolsa-da, şol suwlary ýa-da hapa-hupa suwlary akdyrmak üçin kanalizasiýa turbalary ýok. Şol sebäpden hem ýaşaýjylar öýlerinde ýygnanan hapa suwlary bedrelerde toplap, jaýyň daşyndaky hajathanalara dökmeli bolýarlar. Şol bir wagtyň özünde bu jaýlara nasos arkaly çekilen suwuň hem zeňlidigini ýaýajylar belleýärler.

Käbir jaýlaryň üçekleriniň bölekleýin döwülendigini, ýagyş ýagan mahaly jaýyň içine suw akýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Şeýle-de, jaýyň girelgelerindäki agaçdan ýasalan basgançaklar hem ep-esli zaýalanandygy sebäpli, munuň ýaşaýjylara howp abandyrýandygy bellenilýär.

Bu kwartallaryň ýerleýän sebitinde elektrik togunyň hem kadaly däldigi, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly “oýnap” durýandygy habar berilýär. 

Nebitdag şäheriniň merkezinden takmynan 3-4 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu sebitde transport gatnawynyň ýola goýulmandygy, şol sanda awtobus gatnawynyň hem ýokdugy aýdylýar. Ýaşaýjylaryň şäheriň merkezine barmakda kynçylyk çekýändigi bellenilýär. 

Awtoulaglar üçin niýetlenen garažlar we hajathanalar. ​Ýaşaýjylar kanalizasiýa ulgamyny çekip, täze transformatory goýup bermegi haýyş edip, ençeme gezek häkimliklere ýüz tutandyklaryny aýdýarlar. Emma olaryň bu haýyşyna henize çenli jogap berilmändir.