ABŞ: Awtoritar dolandyryşly 'demokratiýa'

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri "2014-Adam hukuklary praktikalary boýunça ýurtlar hasabaty" barada çykyş edýär. Waşington, 25-nji iýun, 2015.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti adam hukuklary boýunça 2014-nji ýylyň ýurtlar hasabatyny cap etdi. Onda dünýä ýurtlarynyň geçen ýyldaky adam hukuklary praktikalaryna baha berilýär.

Hasabatyň Türkmenistan bölümi 27 sahypadan ybarat bolup, onda ýurtdaky adam gynamalary we beýleki ýowuzlyklar, tussaglyk şertleri, eden-etdilikli tussag etmeler, polisiýa we howpsuzlyk edaralarynyň roly, tussag etmek proseduralary we saklananlara çemeleşilişi, sud proseduralary, syýasy tussaglar, emläk we kompensasiýa meseleleri, graždan azatlyklary we beýlekiler barada netije çykarylýar.

"Iň möhüm adam hukuklary problemalary eden-etdilikli tussag etmeler, adam gynamak, graždan azatlyklarynyň äsgerilmezligi, şol sanda din, söz, metbugat, ýygnanyşmak, hereket azatlyklarynyň çäklendirilmegi, şonuň ýaly-da raýatlaryň öz hökümetlerini azat we adalatly saýlawlar arkaly çalşyp bilmezlikleri boldy" diýip, hasabatyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.

Bulardan başga, hasabatda sudda adalatlylygyň berjaý edilmegi üçin zerur prosesleriň bolmazlygy, adamlaryň şahsy durmuşyna, öýüne, hat aragatnaşygyna eden-etdilikli gatyşmak, aýallaryň garşysyna zorlugyň we diskriminasiýanyň ulanylmagy, adam gaçakçylygy, işçileriň erkin bileleşiklerini çäklendirmek ýaly Türkmenistanda öňden dowam edýän adam hukuklary problemalary agzalýar.

Gynag usullary

Şeýle-de hasabatyň başynda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň we hökümet resmileriniň garaw görmezden, ýagny eden bikanun işine jogap bermezlik bilen hereket edendigi, hökümet resmileriniň adam hukuklaryny bozandygy üçin jogapkärçilige çekilendigi barada hiç bir habaryň çykmandygy aýdylýar.

Mysal üçin, türkmen kanunçylygynyň beýle zatlary gadagan edýändigine garamazdan, AI howpsuzlyk gulluklarynyň jenaýatda güman edilýänleri, tussaglary, hökümeti tankytlaýan adamlary, günäsini boýun aldyrmak üçin gynandyklaryny we urandyklaryny habar berdi diýip, hasabatda bellenilýär.

Halkara Ýehowa şaýatlary jemgyýetiniň agzalary 3-nji iýulda Daşoguzdaky kanun goraýyş resmileriniň bir ýehowa şaýadyny urup, zorlamak haýbaty bilen gorkuzandyklaryny habar berdiler. Şeýle-de, aýdylmagyna görä, ol resmiler bu adamy neşe goýdurylýan merkezde iki gün saklap, onuň bedenine ysmaz hala salýan sanjymlary edipdirler.

Halkara günä geçiş guramasynyň 2013-nji ýyldaky hasabatyna salgylanmak bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň gynag usullary barada hem maglumat berýär. Ol usullar «elektrik şoklaryndan, bogmakdan, zorlamakdan, aňa täsir edýän dermanlary zor bilen sançmakdan, azykdan we suwdan kesmekden, aşa sowukda saklamakdan» ybarat.

Hasabatda türkmen goşunynyň hatarlarynda esgerlere edilýän sütem barada hem durlup geçilýär.

'Türmeler adam ömrüne howp salýar'

Elbetde, hasabatda Türkmenistanyň türme, tussaghana şertleriniň juda ýaramazdygy, ýagny ol ýerlerde hapaçylygyň höküm sürýändigi, tussagyň aşa kändigi we şertleriň adam ömrüne howp salýandygy aýdylýar.

Mysal üçin, Lebap welaýatyndaky LBK-12 ýaly käbir türmelerde tussaglaryň adatdan daşary ýowuz howa şertlerinde, tomsuna jokrama yssyda, gyşyna gazaply aýazda juda agyr ýagdaýlary başdan geçirýändigi aýdylýar. Şol bir wagtda türme tussaglygyna höküm edilenleriň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglaryň ortaça sany, türmeleriň sany barada resmi maglumatyň elýeterli bolandygy bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň Garaşsyz aklawçylar assosiasiýasynyň we Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň BMG-niň adam gynalmagyna garşy konwensiýasyna 2011-nji ýylda gowşuran hasabatyna görä, Türkmenistanyň jemi türme orunlary 8100 tussaga niýetlenen.

Merkezi Aziýanyň Garaşsyz žurnalistler bileleşiginiň 2013-nji ýylda beren maglumatyna görä bolsa, tussaglaryň sany 30568 bolupdyr. Hasabatda bu görkezijiniň deslapky tussaghanalarda, polisiýanyň garamagyndaky wagtlaýyn bendihanalarda, mejbury bejeriş merkezlerinde, goşun hataryndakylaryň jeza öýlerinde saklanýanlary öz içine alman hem biljekdigi aýdylýar.

«Polisiýanyň we howpsuzlyk aparatlarynyň roly» diýen bölümde aýdylmagyna görä, ýurduň Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň resmileri garawsyz, ýagny eden işine jogap bermezden hereket edýärler.

Prezidentiň raýatlaryň kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň üstünden edilen şikaýatlary derňemek boýunça 2007-nji ýylda döreden komissiýasynyň howpsuzlyk gulluklarynyň haýsydyr bir işgärini kanun bozanlygy üçin jogapkärçilige çekendigi barada maglumat tapylmady diýip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de hasabatda adalatly sud mümkinçiliginiň ýokdugy, ýagny zerur proseduralaryň saklanylmaýandygy, aklawçy hukugynyň äsgerilmeýändigi, hatda sudlaryň rus dilinde gepleýän sud edilýäni sud terjimeçisi bilen hem üpjün etmeýändigi aýdylýar. Mundanam başga, sudýalaryň we prokurorlaryň suduň netijesini öňünden kesgitleýändigi barada ynamdar maglumatlar bar diýilýär.

Elbetde, hasabatda öňki prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş boýunça ýyl kesilen adamlaryň näbelli ykbaly we ýurtda gurluşyklar zerarly ýitirilen emlägiň öwezini dolmak hukuklarynyň, graždan azatlyklarynyň, söz, metbugat, internet, hereket azatlygynyň we beýleki hukuklaryň real ýagdaýy barada netije çykarylýar.

Konstitusiýada Türkmenistan dünýewi demokratiýa we prezident respublikasy diýlip jar edilen-de bolsa, bu ýurt prezident tarapyndan kontrolluk edilýän awtoritar hökümet we Demokratik partiýa tarapyndan dolandyrylýar diýip, hasabatda aýdylýar.