Türkmen ýaragly topary

Owganystanyň Gunduz welaýatynyň Kalaýzal etrabyndaky türkmen ýaragly toparyna Nebi komandir ýolbaşçylyk edýär.

Bu toparyň düzüminde 300-den gowrak ýaragly bar.

Nebi komandir mundan 6 ýyl çemesi ozal Kalaýzal etrabynyň ýaşaýjylarynyň haýyşy esasynda eline ýene ýarag aldy.

53 ýaşly Nebi komandir mundan öň Sowet goşunlaryna garşy hem göreşipdi.

Gunduz welaýatynyň ençeme etrabynyň obalaryny söweşijiler basyp aldy. Muňa garamazdan, türkmen ýaragly topary söweşijilere garşy göreşini dowam etdirýär.

Türkmen ýaragly toparynyň düzüminde ýetginjekler hem bar.