Marynyň ýarmarkasy söküldi

Häzirki wagtda onuň içinde birki sany ýük maşyny we içinde gurluşyk materiallaryny saýhallap ýören adamlardan başga hiç kim ýok. 

Öňki duran söwda saýawanlarynyň, pawilionlaryň, kiçeňräk söwda nokatlarynyň duran ýerleriniň üstünden traktor sürlüp, tep-tekiz edilipdir. 

Bazaryň daşyndaky iki gatly sökülmeli binalar diýäýmeseň, bu ýerde bir wagtlar bazaryň bolandygyny görkezýän hiç hili alamat galmady. 

Bu bazar Mary şäherinden 15 kilometr uzaklykda täze şäher bazarynyň gurulmagy sebäpli sökülýär. 

Söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, göçürilen söwdagärlere çeken zyýany üçin hiç hili kompensasiýa tölenmändir. 

Olaryň aglabasy göçürilen ýerlerinde söwda nokatlaryny arendasyna almaly bolupdyrlar. Göçmäge garşy çykanlaryň bolsa sözi asla diňlenmändir. 

Häzir ýarmarka bazarynda diňe gurluşyk materiallaryny we awtomobil ätiýaç şaýlaryny satýan söwdagärler galdy. 

Bu harytlary satýan söwdagärleriň aýtmagyna görä, olaryň häzire çenli saklanyp galmagynyň sebäbi, olaryň söwda nokatlarynyň bazaryň merkezinden çetde ýerleşmegi bilen bagly.

Marynyň täze bazary mary-aşgabat ýolunyň ugrunda ýerleşýär.