Türkmen görnüşleri - 35-nji hepde

Gurluşyk işleri sebäpli gazylan çukurdan geçmäge synanyşýan zenan. Aşgabatda "Garaşsyzlygyň on bäş ýyllygy" söwda merkeziniň öňünde alnyp barylýan gurluşyk-gazuw işleriniň bu ýere barýan alyjylara käbir kynçylyklary döredýändigi habar berilýär.

Ekin meýdanlarynda pagta ýygýan zenanlar. 29-njy awgustdan başlap Lebap, Mary, Balkan we Ahal welaýatlarynda pagta ýygym möwsüminiň başlanmagyna garaşylýar. Emma Lebap welaýatynda bu çäre bellenip berlen resmi möhletden öň başlady.

Täze okuw ýyly üçin çagalaryna okuw esbaplaryny satyn alýan ene. Türkmenistanda her ýyl täze okuw ýylynyň öňýanynda "Mekdep bazarlary" açylýar.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Hojakenepsi obasynyň ýanyndaky gyrlarda oýnaýan çagalar.

Aşgabadyň "Awtokombinat" diýýlip atlandyrylýan awtobus duralgasynda awtobusa garaşyp duran ýolagçylar. Olar awtobusyň gelmegine aşa köp garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky gumdan berlen melleklerde gurlan hususy ýaşaýyş jaýlary. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ilata mellek ýerleri paýlanyp berilýär. Şol bir wagtda ýaşaýjylaryň käbirleri bu mellekleriň gumuň içinden berilýändigini aýdyp şikaýat edýärler.

Lebap welaýatynda awtoulagynyň üstüne welosipedleri ýükläp barýan sürüji.

Aşgabadyň "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" atly söwda merkeziniň öňünde gurluşyk-gazuw işlerini geçirýän işçiler.

Aşgabadyň "Andalyp" köçesiniň ugrunda ýol gurluşyk işleri dowam edýär.