Türkmen görnüşleri - 38-nji hepde

Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde oturan student gyzlar.

Aşgabadyň "10-ýyl abadançylyk" köçesiniň ugrunda gurlan täze awtobus duralaglarynyň biri.

Aşgabadyň Parahat-1 etrapçasynda jaýlary abatlamak işleri dowam edýär. Abatlaýyş işleri sebäpli daşyna demir haýatlar aýlanan köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda zir-zibilleriň üýşüp duranyny görse bolýar.

Lebap welaýatyntň Türkmenabat şäherindäki kiçi göwrümli tiz kömek ulaglarynyň biri. Bu ulaglaryň ýakynda daşary ýurtlarda satyn alynandygy habar berilýär.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Sarahs serhet geçelegesinde gümrükden gelýän uly ýük ulagy.

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Altynaý bazarynda rekonstruksiýa işleri alnyp barylýar.

Ahal welaýatynyň Sarahs şäherçesindäki seýilgähiň girelgesi. Bu seýilgähiň girelgesindäki derwezäniň döwülenine eýýäm birnäçe aý bolandygy, emmä muňa garamazdan onuň köpden bäri bejerilmän gelýändigi habar berilýär.

Lebap welaýatynda eşekli arabada agtygy bilen öýüne barýan ene.