​Çagalar bagyndaky howp

Aşgabadyň 76-njy çagalar bagynyň haýatlarynyň mundan 9 aý çemesi ozal sökülendigi habar berilýär.

Maglumata görä, bu çagalar bagynyň haýatlary täze haýat gurmak maksady bilen degişli resmiler tarapyndan sökülipdir.

Çagalar bagynyň töwereginde sökülen haýatlaryň gurluşyk galyndylarynyň, şol sanda somalyp duran armaturalaryň heniz hem arassalanyp, aýrylmandygyny görse bolýar.

Aradan ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, bu ýerde gurluşygyň alnyp barylmaýandygyny, çagalary gürrüňi edilýän çagalar bagyna gatnaýan ene-atalaryň käbirleri habar berýärler.

Käbir ene-atalar çagalar bagynyň bag-bakjasynda somalyp duran armaturalar sebäpli, enekelerden öz çagalaryny daşary çykarmazlygy haýyş edýändiklerini aýdýarlar.