Bazaryň golaýyndaky zir-zibiller

Aşgabadyň “Daşoguz bazarynyň” töweregindäki hapa-hupalaryň belli bir böleginiň bazardaky söwda harytlarynyň galyndylarydygy aýdylýar.

Käbir zir-zibilleriň bolsa, bazaryň golaýyndaky ýol gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň galyndylarydygy bellenilýär.

Bazar işläp durany sebäpli, golaý-goltumda ýaşaýan ýaşaýjylar her gün zir-zibilleriň galyndylarynyň golaýyndan geçmeli bolýar.

Käbir ýaşaýjylar “Daşoguz bazarynyň” töweregindäki hapa-hupalara resmiler tarapyndan ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigini aýdyp, şikaýat edýärler.

Ýaşaýjylar abatlaýyş işleri ýa-da gurluşyklar sebäpli öz ýaşaýyş jaýlarynyň golaýyndaky ýaş agaçlaryň hem birnäçesiniň çapylandygyny belleýärler.

“Daşoguz bazarynda” geçen ýylyň oktýabr-noýabr aýlaryndan bäri rekonstruksiýa işleri alnyp barylýar. Bazaryň golaýyndaky ýol gurluşygy şu ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýär.