Türkmenistan ABŞ-dan nähili kömek tapar?

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Aşgabatda türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen duşuşyk mahalynda. 3-nji noýabr, 2015.

Aşgabatda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda bolan gepleşiklerde türkmen-owgan serhediniň boýundaky howpsuzlyk we bu meselede Waşington bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada hem gürrüň edildi. Eýsem Waşington Aşgabada bu meselede nähili anyk kömek berip biler?
Azatlyk radiosy bu soragy Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermeni Brýus Panniýere berdi.

Azatlyk radiosy: ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen türkmen prezidentiniň arasynda bolan gepleşiklerde, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada gürrüň edilipdir. Siziňçe, Birleşen Ştatlar Türkmenistana owgan serhedindäki howpsuzlyk meselesinde anyk nähili kömek berip biler?

Brýus Panniýer: Meniň pikirimçe, Amerika Türkmenistan üçin owgan serhediniň boýundaky howpsuzlyk boýunça iki zady edip biler: olaryň birinjisi Birleşen Ştatlaryň şeýle uzyn araçäk liniýasyna gözegçilik etmekdäki tejribesi bilen bagly. Olar Türkmenistana serhedi goramakdaky tagallalary utgaşdyrmak boýunça öz tejribelerini - näçe aralykdan serhet postlaryny gurmalydygyny, nähili gözegçilik enjamlaryny ulanmalydygyny, serhede gelýän adamyň kanun esasynda gelýän zyýansyz adamdygyny ýa-da jeňçidigini, neşe gaçakçysydygyny we beýlekileri käbir kiçijik alamatlary görenlerinden anyklamaga mümkinçilik berýän abzallary ulanmagy öwredip bilerler.

Ýagny ABŞ Türkmenistana owgan serhedine ynamdar we dowamly gözegçilik etmekde käbir zatlary öwredip biler.

Ikinji tarapdan, Amerika serhediň beýleki tarapy, owgan hökümeti bilen indi uzak wagt bäri gowy gatnaşyk saklaýar. Elbetde, Türkmenistan hem olar bilen gatnaşyk saklaýar, emma biz Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky kordinasiýa derejesiniň nählidigini bilemzok.

Amerika Kabuldaky syýasatçylara göni çykyp, serhediň türkmen tarapynyň bar bolan aladalaryny olara ýetirip, owganlaryň türkmenlere has ýardamçy, has açyk bolmagyny, has yzygiderli gatnaşyk saklamaklaryny, türkmen tarapyna, türkmen serhet goragçylaryna, Türkmenistanyň serhet ýakasyndaky obalarynyň adamlaryna serhediň owgan tarapynda bolýan zatlary düşündirip, gerek bolan maglumaty berip durmaklaryny sorap biler.

Ýagny ABŞ serhede gözegçilik etmekde we serhet boýundaky türkmen-owgan aragatnaşygy meselesinde kömek edip biler.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda strategiki howpsuzlyk boýunça özara düşünişmek jarnamasyna gol çekiljegi barada hem gürrüň etdi. Siziňçe, bu jarnama nämäni aňladýar?

Brus Panniýer: Özara düşünişmek jarnamasy, dogrusy aýtsak, diňe syýasat dünýäsinde däl, eýsem biznes dünýäsinde hem iki tarapyň arasynda gol çekilýän boş bir dokument. Ýagny, özara düşünişmek jarnamasy iki tarapyň belli bir temany ýa-da temalary ara alyp maslahatlaşandygyny, olaryň bu ugurdaky gepleşikleri dowam etdirmek isleýändiklerini, sebäbi bu temalaryň iki tarap üçin hem gyzyklanma döredýändigini aňladýar. Bu iki tarapy haýsydyr bir zada borçly edýän gutarnykly şertnama däl, ol ahyr netijede maslahat edilendigini, iki tarapyň bu temadan ýene maslahat edilmeginiň gerekdigi barada ylalaşandygyny aňladýar, başga anyk bir zady aňlatmaýar.