Ýangyna garşy hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy nähili bolar?

Ýaşaýyş jaýynyň maketi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 18-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda “ýangyna garşy hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň girizilmeginiň ýangyn howsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmeginde jogapkärçiligi ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy” diýlip, resmi metbugatda bellenilýär.

Şeýle-de, bu ýygnakda “Ýangyn howpsyzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna ýangyna garşy hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmäge taýýarlyk görülýändigi barada hem gürrüň edilýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy nähili bolar?