Darkat etraby söweşijilerden yzyna alyndy

Owganystanyň Serhet güýçleriniň agzalary.

Owganystanyň Tahar welaýatynyň Darkat etrabynyň kontrollygy söweşijilerden yzyna alyndy. Tahar welaýat polisiýasynyň başlygy general Nurmuhammad Hekiminiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda etrapda merkezi aziýaly söweşijileriň hem bolandygyny aýtdy.

Hekiminiň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän söweşijiler Owganystanyň Täjigistan bilen serhediniň arasynda ýerleşýän tokaýlyklara gaçyp gidipdir. Emma ýerli ýaşaýjylar etrapda söweşijileriň heniz hem saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Darkat etraby söweşijilerden yzyna alyndy