Demirgazykda gar bilen örtülen sebit

Bu sebit Şwitsbergeniň demirgazygynda, ýagny Demirgazyk polýusynyň 1200 kilometr uzaklygynda ýerleşýär. Mundan ozal bu sebitde diňe aýylar we beýleki ýabany haýwanlar ýaşaýardy. Emma 100 ýyl ozal sebitde industrial desgalaryň peýda bolmagy netijesinde haýwanlar bu ýerden başga ýerlere göçüp başladylar.

Bu ýerde seýrek göze ilýän haýwanlar bilen bir hatarda Norwegiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Hindistanyň, Günorta Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň alymlary ýaşaýarlar we işleýärler.

Bir döwür bu ýerde kömür şahtalary işlerýärdi. Kömür wagonlarda deňiz portlaryna daşalýardy. Emma kömüriň bahasynyň pese gaçmagy netijesinde bu iş togtady.

Kömür şahtasy.

Norwegiýanyň meşhur syýahatçysy Rual Amundseniň heýkeli.

Häzirki wagtda dünýäde ekstremal turizm barha össe-de, Norwegiýa ylmy-barlaglara päsgelçilik döretmezlik maksady bilen, bu ýerleri syýahatçylar üçin açmak islemeýär.

Köne radiostansiýanyň binasynda muzeý açylypdyr.